SPORT

Holand 5 gol bilen 54 ýyllyk rekordy täzeledi

“Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda 1970-nji ýylda bir duşuşykda 5 gol geçiren Jorj Bestiň rekordyny täzeledi.

Angliýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda “Mançester Siti” topary “Luton” topary bilen duşuşyp, duşuşyk 6:2 hasabynda tamamlandy. “Siti” toparynyň 5 goluny norwegiýaly ýyldyz hüjümçi Erling Holand öz adyna ýazdyrdy.

Norwegiýaly hüjümçi 58 minutda 5 gol geçirdi. Duşuşygyň 3-nji, 18-nji, 40-njy, 55-nji we 58-nji minutlarynda tapawutlanan Holand “Mançester Siti” toparynda 2022-nji ýylyň tomsunda 60 million ýewro gelipdi. Hüjümçi “Mançester Siti” toparynyň düzüminde bu möwsümde ähli ýaryşlarda 30 duşuşykda oýnap, 25 gol geçirdi.

Hüjümçi bilen toparyň arasyndaky şertnama 2027-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. “Transfermarkt” internet neşiriniň maglumatyna görä, Erling Holandyň bahasy 180 million ýewro deňdir.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler