2024-nji ýylyň ilkinji gününde Hindistanyň ýogaçylary rekord goýdular. Ýurduň Gujarat ştatynyň ýogaçylar bir ýere jemlenip, “Surýa-namaskar” (“Güni salamlamak”) maşkyny bilelikde bir wagtda ýerine ýetirdiler.
Hindistanyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Swapnil Dangarikar munuň täze rekord ugrudygyny belledi.
– Mundan ozal, hiç kim şeýle rekordy goýmak üçin synanyşyk etmedi – diýip, ol žurnalistlere habar berdi.
Ol şeýlelikde, “Surýa-namaskar” maşkyny ýerine ýetirmek boýunça rekordyň hasaba alnandygyny mälim etdi.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda irden Gujarat welaýatynyň 108 ýerinde we 51 dürli kategoriýada 4000-den gowrak gatnaşyjy “Surýa-namaskar” maşkyny ýerine ýetirdiler.
Mälim bolşy ýaly, ýoga Hindistanyň milli gymmatlygydyr. Şonuň üçin Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu baýram baradaky degişli Kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistanyň başlangyjy bilen kabul etdi.
