SIZDEN GELENLER

Himiýa ylmynyň täsinlikleri

Häzirki wagtda himiýa ylmy beýleki ylymlar bilen birlikde uly ösüşe eýe bolýar. Sanly tehnologiýalardan giňden peýdalanylýan döwürde himiýa degişli tebigatda bolup geçýän faktlar adamlaryň ençemesinde uly gyzyklanma döredýär. Şol faktlaryň birnäçesi aşakdakylardan ybaratdyr:

1.Ýyldyrymyň çakmagy Ozony emele gelmegine getirýär.

Ultramelewşe şöhlelerinden goraýjy stratosfera “ýorgan” hökmünde hereket edýän kislorodyň üç sany molekulasy bolan Ozon (O3) tebigatda ýyldyrymyň çakmagy netijesinde döreýär. Ýyldyrym atmosferadaky kislorod molekulalaryny Ozona öwürýän radikallara bölýär. Ozonyň ysy gaty ýiti, köplenç hloryň ysyna meňzeýär. Şonuň üçin adam ýyldyrymdan soň “arassa” ysy alýar.

2.Suw doňanda beýleki maddalardan tapawutlylykda giňeýär.

Adatça, haýsyda bolsa bir madda sowanda gysylýar ýa-da kiçelýär. Munuň sebäbi, temperatura atomyň sandyramasyny aňladýar. Suw doňanda bolsa emele gelýän buz has köp ýer tutup, giňelýär. Ol doňanda energiýany bölüp çykarýar, sebäbi birnäçe baglanyşyklar bolýar.

3.Suwly gaba duz guýulsa suwuň derejesi peseler.

Wanna bolsun ýa-da başga bir suwly gaba girilende suwuň derejesi ýokarlanýar. Emma gapdaky suwa natriý hloridi goşulanda suwuň derejesi 2%-e çenli peseler.

4.Ýeriň gabygynda seýrek duş gelýän element “astatindir”

Astatin uranyň we toriniň çüýremeginden emele gelýän tebigy maddadyr. Ýeriň gabygynda takmynan 28 gr astatin bar diýlip çaklanylýar. Şu wagta çenli 0,00000005 gram astatin öndürildi.

  1. 1 dýum ýagyş 10 dýum gara deňdir.

Temperatura 30 gradus töweregi bolanda, 1 dýum suwuk ýagyş 10 dýum gar ýaly düşer. Diýmek, ýagýan ýagyşyň ählisi gardyr.

Taýýarlan: Jahan Orazgeldiýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

 

Birža täzelikleri: türk işewürleri awtobenzin satyn aldylar

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika