BILIM

Himiýa dersi boýunça talyplaryň halkara internet olimpiadasy – 2022

Ders bäsleşikleri – nazary bilimiň derejesini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, şol bilimleri döredijilikli pikirlenmäni talap edýän täze, standart däl ýagdaýlarda ulanmak başarnygyny anyklaýan, gatnaşyjylaryň arasynda ylmyň belli bir ugry boýunça geçirilýän intellektual bäsleşigiň bir görnüşidir.

Talyp ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly başarjaň we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Himiýa dersi boýunça onlaýn internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada “moodle” platformasynda geçirilip, oňa jemi 243 sany talyp gatnaşdy.

Halkara internet olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede geçirildi we her derejede çykyş etjek talyplaryň ýokary çäginiň sany 5 diýip kesgitlenildi. Olimpiada ýörite taýýarlanylan programma üpjünçiligi arkaly geçirilip, talyplar ýaryşa gatnaşyp, berlen ýumuşlary ýerine ýetirenden soňra, onuň şahsy toplan ballary talyba dessine platformada görkezildi. Programma üpjünçiligi her bir talybyň toplan baly esasynda olaryň eýelän orunlaryny anyklaýar we talyplaryň haýsy ýokary okuw jaýynda okaýanlygy esasynda toparlaýyn ýeňijileri kesgitleýär.

A dereje boýunça olimpiada öz hünäri Himiýa dersi bilen gönüden bagly bolan talyplar gatnaşyp bilýärler. B dereje boýunça bu olimpiada hünäri Himiýa dersi bilen bagly bolmadyk talyplar gatnaşyp bilýär.

Her dereje boýunça halkara olimpiadada jemi 20 sany sorag berildi we talyplar 3 sagadyň dowamynda degişli soraglara jogap berip, öz bilim-başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary A we B dereje boýunça (A dereje boýunça 5 talyp, B dereje boýunça 5 talyp, jemi 10 talyp) bu ýaryşa hem işjeň gatnaşyp, degişli baýrakly orunlara mynasyp boldular:

  1. Kakamyradow Bagtyýar – I orun
  2. Abdyllaýewa Gülşat – I orun
  3. Annanepesowa Gültäç – I orun
  4. Rahmedow Söhbet – I orun
  5. Saparow Merdan – I orun
  6. Rozyýewa Merjen – II orun
  7. Nuryýew Serdar – II orun
  8. Geldimyradowa Akmaral – II orun
  9. Intizarow Ikram – II orun
  10. Amanowa Aýnur – II orun

Toparlaýyn ýaryşda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary A dereje boýunça III orna, B dereje boýunça I orna mynasyp boldular.

Himiýa dersi boýunça talyplaryň halkara internet olimpiadasynyň netijeleri https://iogu.edu.tm/articles/53 – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda hem ýerleşdirilendir.

Awazada dynç almak üçin Online rugsatnama

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy