SIZDEN GELENLER

Hatarara toprak bejergisi

Hatarara bejergi geçirmekde diñe bir ony öz wagtynda däl, eýsem kultiwatoryñ işçi gurallaryny gerek ýerinde dogry sazlap gurnamak we bellenilen çuñlukda gyradeñ amala aşyrmak zerur şertleriñ biridir. Ilkinji hatarara bejergide kultiwatoryñ çetki işçi gurallaryny hataryñ çyzygyndan 7-8 sm aralykda gorag zoologyny goýup 6-8 sm çuñlukda gurnaýarlar. Seýle bolanda ýaşajyk ösümlikleriñ köküne şikes ýetmeýär.

Hatarara bejerginiñ hiline bolan talaplar:

1.Kultiwatoryñ giñligi ekijiniñ (seýalkanyñ giñligine takyk gabat gelmeli);

2.Bejergi toprak tabyndaka, bellenilen çuñlukda, gorag zolaklaryny dogry berjaý edilip geçirilmelidir;

3.Ekinlere hiç hile şikes ýetmeli däl, olaryñ üstüne gum düşmeli däl;

4.Kultiwatoryñ işçi gurallary ýiti bolmaly we haşal otlary doly kesip geçmeli;

5.Bejergi bilen dökün bermek utgaşdyrylanda dökün setirden bellenilen aralykda we çuñlukda endigan dökülmeli hem-de topraga gömülmeli.

Toprak bejergisiniñ ýörite usullary. Ýörite toprak bejergisine aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýan usullar degişlidir. Ona mysal edip takyr ýerleriñ topragyny ekişe taýýarlamakda ýörite topragy owratmak (üwemek) üçin frezelemegi alsañ bolar. Freza topragy öran ownuk edip ýumşadýar we garyşdyrýar. Netijede ekişi ýokary hilli geçirmek üçin, seýle hem tohumyñ oñat gögerip çykmagy üçin ýaramly şertler döreýär. Frezalary (aýlanýan pyçaklary) baglaryñ we tut agaçlarynyñ aralaryny ýumşatmakda hem ulanýarlar. Önümçilikde olaryñ KFG-3,6, KF-5,4 we beýleki kysymlary peýdalanylýar.

Amangelidi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny

 

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz