Oba hojalyk pudagynyň ekerançylygynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ekerançylykda dürli görnüşli gök we bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle işlerde ekinlere zyýan berýän haşal otlar hem ekinler bilen bilelikde ösüp çykýarlar we olar ekinlere uly zyýan berýärler.
Haşal otlaryň esasy toparyna ýabany ösümlikler degişli bolup, olar ekin meýdanlarynda we bejergi işleri geçirilmeýän ýerlerde köp duş gelýär. Ýurdumyzda haşal otlaryň 500-den gowrak görnüşlerine gabat gelmek bolýar.
XIX asyryň ikinji ýarymynda nemes alymy M.E.Wolni haşal otlaryň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny 45-66 %-e çenli peseldýändigini belläp geçipdir.
Haşal otlaryň aglaba köpüsiniň kök ulgamy medeni ösümlikleriň kök ulgamyndan has güýçli ösendigi we topragyň çuň gatlaklaryna aralaşyp bilýändigi sebäpli, olar köp mukdarda topragyň düzümindäki iýmit maddalary sarp edýärler. Netijede haşal otlar topragyň gurplulyk derejesiniň pese düşmegine getirýär. Şeýle hem olar ekinleri iýmitlendirmek üçin berilýän dökünleriň täsirliligini peseldýärler.
Haşal otlar topragyň düzümindäki iýmit maddalaryny sarp etmek bilen birlikde olar ösen kök ulgamy we ýapraklary bilen topragyň çyglylyk derejesini peseldýärler.
Ösümlikler ýagtylykda fotosintez hadysasyny geçirýärler. Özleriniň ösgün boýlary, gür ýapraklary bilen tapawutlanýan haşal otlar oba hojalyk ekinlerine ýagtylygyň düşüşini peseldýärler we netijede olaryň ösmegine hem-de kadaly iýmitlenmegine uly zyýan ýetirýärler.
Haşal otlar hasylyň hiline hem ýaramaz täsir edýärler. Olar bilen güýçli hapalanan meýdanlarda bugdaýyň dänesinde belok, kartoşkada krahmal, gant şugundyrynda şeker (saharoza), ýag berýän ösümlikleriň tohumynda ýag, bakja ekinlerinde gantlar az toplanyp, hasylyň hili ýaramazlaşýar. Köp haşal otlaryň tohumy hasyly ýygnalýan bugdaýyň dänesine goşulyp, unuň hiliniň peselmegine getirýär.
Haşal otlaryň medeni ösümliklerden birnäçe tapawutly aýratynlyklary bardyr. Olar medeni ösümliklere garanyňda ýaşaýyş şertlerini az talap edýärler we iýmit maddalaryň, suwuň ýetmezçiliginde hem ösüp bilýärler. Şeýle-de olar has köp tohum ýaýradýarlar. Bulardan başga hem olaryň tohumlary köp ýyllaryň dowamynda toprakda saklanyp özleriniň gögerijiligini ýitirmeýärler.
Haşal otlar oba hojalygyna örän uly zyýan ýetirýärler. Şoňa görä-de olara garşy göreş çärelerini alyp barmaklyk örän zerurdur. Şeýle göreş çäreleriniň biri agrotehniki çärelerdir. Ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreler geçirilende ikigat azallar bilen, çuň sürüm geçirmeklik örän peýdalydyr.
Haşal otlara garşy biologiki göreş çäresi. Bu çäreler öňi bilen oba hojalyk ekinleriniň kadaly ösüp ýetişmegi we olaryň haşal otlar bilen bäsleşmek ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän progressiw çäreleriň ählisi degişlidir. Haşal otlara garşy göreşmekde oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda çalşyryp ekmekligiň, ýagny ekin dolanşygyny ulanmaklygyň ähmiýeti örän uludyr.
Himiki göreş çäresi. Himiki göreş çäreleri haşal otlara garşy zäherli himiki maddalary ulanmaklyk arkaly geçirilýär. Ol maddalara gerbisidler diýilýär. Olardan peýdalanylanda gerbisidleriň ählisi diýen ýaly otnositel pes ölçegde ulanylýar. Şoňa görä-de topraga endigan ýaýramagy üçin esasan olary suw ergini görnüşinde sepýärler.
LUKMANOW ŞÖHRAT,
TOHU-nyň talyby