BILIM

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Geçen ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan “Makul Sözlük” sözlügi dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Garward uniwersitetiniň kitaphanasynyň resmi katalogyna  girizildi.

Garward kitaphanasy dünýäniň iň uly we iň baý akademik kitaphana ulgamlarynyň biri hökmünde tanalýar. Bu kitaphana ulgamynda takmynan 20 milliondan gowrak kitap, ýüz müňlerçe ylmy žurnal, millionlarça golýazma hem-de dünýä derejesinde seýrek duş gelýän dürli arhiw materiallary saklanýar. Şeýle-de, Garward kitaphanasynda 400 milliondan gowrak sahypa sanly görnüşe geçirilip, alymlara we gözlegçilere elektron görnüşde elýeterli edilendir.

Garward kitaphanasy 70-den gowrak aýratyn kitaphanadan ybarat bolup, olaryň hatarynda dünýäde giňden tanalýan Widener kıtaphanasy, Houghton itaphanasy hem-de Garward Hukuk mekdebi kitaphanasy ýaly öňdebaryjy ylmy merkezler bar. Kitaphana Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Kembridž şäherinde ýerleşýär.

Resmi katalog maglumatlary (HOLLIS)

Garward uniwersitetiniň HOLLIS atly resmi katalog ulgamynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, “Makul English–Turkmen Dictionary = Iňlisçe–Türkmençe sözlük” Widener kitaphanasynyň ýygyndysyna girizildi. Kitap Orta Gündogar we Merkezi Aziýa bölümi boýunça klassifikasiýa edilip, Widener kitaphanasynyň (Mid East) bölüminde saklanýar.

Katalog maglumatlarynda aşakdakylar görkezilýär:

 

Awtor / düzüji: Dr. Dovran Orazgylyjov (Editor in Chief)

Neşir edilen ýeri: Amerikanyň Birleşen Ştatlary

Neşir edilen ýyly: 2025

Göwrümi: 453 sahypa

Dilleri: Iňlisçe we türkmençe

Tema: English language – Dictionaries – Turkmen

Sözlük barada

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl neşir edilen “Makul English–Turkmen Dictionary: General, Law, Business, Medicine, AI, Sports” atly sözlükde 16 500-den gowrak iňlisçe söz türkmen diline terjime edilýär. Sözlük hukuk, ykdysadyýet, lukmançylyk, işewürlik, sport hem-de emeli intellekt (AI) ýaly birnäçe ýörite ugurlary öz içine alýar.

Redaksiýa topary we dizaýn

Sözlügiň taýýarlanmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa toparynyň düzümine aşakdakylar girýär:

Amangeldi Baýgeldiýew — Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

Azat Nazarow — Dilçi

Şamil Roznazarow — “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň direktory

Dowran Orazgylyjov — Hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor

Kitabyň kompýuter dizaýny ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjov tarapyndan ýerine ýetirildi. Neşir işi “Makul Hyzmat” Terjime merkezi tarapyndan goldanyldy.

Halkara ykrar edilmegi

Sözlügiň giriş sözi halkara derejede tanalýan alymlar we resmi şahslar tarapyndan berlen pikirler bilen baýlaşdyryldy.

S. Frederick Starr (ABŞ-nyň Daşary syýasat geňeşinde Ýewraziýa boýunça barlagçy, Johns Hopkins uniwersitetiniň professory) bu sözlügiň “türkmen diliniň halkara derejede öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin şert döredýändigini” belläp, ony “dilleriň arasynda möhüm köpri” hökmünde häsiýetlendirdi.

Eric Stewart (ABŞ–Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa şeýle diýdi:
“Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň binýadydyr. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşant goşar.”

“Amazon” arkaly elýeterli

“Makul Sözlügi” häzirki wagtda dünýäniň iň iri onlaýn kitap platformasy bolan “Amazon” arkaly hem satyn almak üçin elýeterlidir:
👉 https://www.amazon.com/dp/B0FQ1D2KRN

Ähmiýeti

“Makul Sözlügiň” Garward ýaly abraýly akademik kitaphananyň resmi katalogyna girizilmegi, türkmen diliniň halkara ylmy jemgyýetçiligindäki ornunyň pugtalanmagyna hem-de ony ylmy we akademik çeşme hökmünde tanatmaga uly goşant goşýar.

Şeýle hem bellemeli zat, Dr. Dowran Orazgylyjowyň türk we türkmen hukuk ulgamlarynda Önümleri Paýlaşmak Şertnamalary (Production Sharing Agreements) boýunça taýýarlan doktorlyk dissertasiýasy hem Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizilendir.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary