JEMGYÝET

Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adamyň paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

 Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary

Türkmenistan bilen Hindistan ýokary derejeli saparlary gurnar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Ata Watan Eserleri