MEDENIÝET

Halkara kino festiwalyna hödürlenen filmler

14-nji iýunda başlajak Halkara migrasiýa film festiwalynda “çeper film” kategoriýasynda bäsleşjek filmler yglan edildi. Dünýä abraýly baýraklarynyň eýesi bolan režissýor Nuri Bilge Jeýlanyň emin agzasy bolmagynda “Halkara çeper film bäsleşiginde” 8 film bäsleşer.

Dünýädäki iň uly migrasiýa temaly film festiwalynda bäsleşjek filmleriň ilkinjisi «Sama üçin» filmidir. Bu film 2019-njy ýylda Oskara dalaşgär görkezilen filmleriň hatarynda bar. Bu film BAFTA, Kann we başga-da birnäçe festiwallara gatnaşyp, “Iň oňat dokumental film’ baýragy bilen gaýdyp geldi. Siriýaly Waad Al Kateab we iňlis Edward Uotts režissýorlyk eden dokumental film Siriýadaky raýat urşuny ýaş enäniň gözi bilen haýran galdyryjy dilde beýan edýär. «Sama üçin» atly film zenan tomaşaçylaryň nukdaýnazary bilen seredeniňde uruş tejribesine has ýakyn syýahat etdirýär.

Jübi telefonynda surata düşürilen film

Owgan režissýory Hasan Faziliniň hakyky durmuşy esasynda düşürilip, «Sundance» we «Berlin film festiwaly» ýaly köp sanly festiwallarda baýrak alan «Gijeki syýahatçy» filmi hem bu bäsleşige gatnaşar

«Gijeki syýahatçy» filmi 2015-nji ýylda düşürildi. Filmde Hasan Faziliniň aýaly we iki gyzynyň durmuşy barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu ekran eseri jübi telefony bilen düşürilen filmleriň arasynda iň şowly çykanlaryň biridir.

Bäsleşige gatnaşýan filmler:

«Sama üçin» (Angliýa, ABŞ / 2019)

«Gijeki syýahatçy» (Amerika, Katar, Kanada, Angliýa / 2019)

«Omar we biz» (Türkiýe / 2019)

«Gyzymyň ysy» (Türkiýe, Amerika, Fransiýa / 2019)

«Oskar we Lilli» (Awstriýa / 2020)

«Edil oglum ýaly» (Italiýa, Horwatiýa, Belgiýa / 2018)

«Rafael» (Gollandiýa, Belgiýa, Horwatiýa / 2018)

«Goşmaça wagt» (Awstraliýa / 2018)

 

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar