SIZDEN GELENLER

Halk pedagogikasy hemişelikdir

Nesilleri terbiýelemek we sowat öwretmek işinde türkmen halk döredijiliginiň eserleriniň, şahyrana döredijiligiň we çeper eserleriň ýokary ähmiýeti bar. Şoňa görä-de bu edebiýatlar we çeşmeler häzirki döwrüň bilim-terbiýeçilik işinde hem işjeň peýdalanylýar. Şol hatarda matallaryň hem çagalaryň aň ösüşinde, sözleýişiniň ösdürilmeginde, ýatkeşliginiň berkemeginde, öwrenilenleriň özleşdirilmeginde oňyn ähmiýetlidir. Türkmen halk döredijiliginiň matallary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olaryň düşünjelerini we duýgularyny kämilleşdirmekde hem uly orna eýedir.

Şu nukdaýnazardan mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde we Gün pursatlarynda çagalar bilen matallary çözmek  usullary ulanylýar. Mälim bolşy ýaly, matallarda göçme manysyndaky pikirler beýan edilýär, olaryň döredilişine çeperçilik mahsus bolup durýar. Şeýle hem matallar ähli temalar bilen baglanyşykly bolansoň çagalar bakja-baglarynyň ähli pursatlarynda çagalar bilen geçirilýän işlerde matallara orun bermek täsirlidir. Çagalar aýdylýan matalyň jogabyny bilmek üçin pikirlenýärler, logiki pikirlenmek arkaly aň ösüşini gazanýarlar. Ol gyzyklanma duýgulary hem ösdürip çagalarda has işjeňligi oýarýar.

Mysal üçin

Ak atly gaçýar,

Gara atly kowýar.

diýen matalda «ak atly» gündizi, ýagtylygy, aklygy alamatlandyrsa, «gara atly» gije, garaňkylyk bilen baglanyşdyrylýar. Munuň özi gije-gündizi aňladýär. Çagalar bilen bilelikde matalyň jogabyny tapmak üçin terbiýeçi olara ugrukdyryjy usuly kömekleri hem berýär. Terbiýeçi çagalara matallary düzýän söz düzümleriniň manysyna aralaşmaga ýardam berýär. Bu matalyň jogabyny tapmak bilen çagalarda gije-gündiz hakdaky, tebigy durmuş baradaky düşünjeleri, şol sanda wagt birliklerini hem öwretmek mümkindir.

Ýa-da

Gök demirden dillije,

Uly ile bellije.

diýen matala üns berip göreliň, bu matalda gyz gelinleriň ulanýan saz guraly gopuz hakynda beýan edilýär. Gopuzyň dillijeligi, onuň metaldan gurluşy, owazynyň uly ile bellidigi mälim edilýär. Şeýle matallaryň çözülmegi çagalarda milli sungat serişdeleri boýunça düşünjeleri ösdürmäge, saz gurallary bilen tanyşmaga ýardam berýär. Terbiýeçiniň ussatlygy arkaly matallarda öňe sürülýän pikirler çylşyrymlyrak bolan ýagdaýynda çagalara onuň jogaby bilen bagly şekilli görnüşleri, suratlary görkezip hem ýardam edip biler.

Döwrüň ösmegi, sanlylaşdyrylan serişdeleriň we tehniki mümkinçilikleriň artmagy netijesinde halk döredijiliniň şu görnüşini öwrenmek, ony okuw –terbiýeçilik usulyýetinde peýdalanmak ýörelgesini has-da giňeltmek möhüm ähmiýete eýedir. Çünki milli edebi miraslarymyzyň häzirki döwürde işjeň öwrenilmegi onuň sanly mümkinçilikler arkaly has netijeli peýdalanylmagy çagalar üçin has täsirli bolup durýar. Şu nukdaýnazardan biz hem matallary okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagy işjeňleşdirmek maksady bilen «audio matallary» ýazgy edip, usuly elektron serişde hökmünde peýdalanýarys. Onda matallar okalyp ýazgy edildi. Çagalaryň diňlemekleri üçin örän täsirli okalan matallaryň ses ýazgysy, aýdylýan matalyň mazmunyna mahsus ses we sazlar arkaly bezeldi. Terbiýeçi-usulyýetçi hökmünde şeýle elektron gollanmalary we serişdeleri taýýarlamak bilen biz milli tejribäni baýlaşdyrmagy, terbiýeçilere usuly kömek bermegi, halk döredijiligimiziň ajaýyp nusgalaryny täzeçe röwüşde dikeltmegi maksat edinýäris.

Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikler döredip, ýaş nesliň ata-babalarymyzyň ýörelgesine laýyk hem-de döwrebap terbiýelenmegi we sowat öwredilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.

 

Güljemal ALLAKOWA,

Murgap etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi,

 KA-nyň işjeň agzasy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri