JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ýokary derejede

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we onuň maşgalasy Emine Ärdogana hat iberdi. Şol hatda Türkiýäniň Prezidentine we onuň maşgalasyna Türkmenistana we türkmen halkyna tüýs ýürekden ýokary derejede goýýan hormaty üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Hususan-da, bu hatda şeýle diýilýär. 

– Ilki bilen, Türkmenistana we türkmen halkyna tüýs ýürekden ýokary derejede goýýan hormatyňyz, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlygy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek işine goşýan ägirt uly goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris.

Soňky ýyllarda Aşgabatda biziň duşuşyklarymyzyň yzygiderli geçirilmegi we mähirli şahsy gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagy biziň taryhy taýdan ýakynlygymyza, däp-dessurlarymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, aň-düşünjämiziň hem-de dünýägaraýşymyzyň umumydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu aýdylanlar häzirki döwürde türki halklaryň ösüşinde, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmek, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň işine ýakyndan gatnaşmakda biziň umumy garaýşymyza doly derejede degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy martynda Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň ähmiýetini bellemek gerek. Onuň dowamynda tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek meselelerine seredildi. Sammitiň münberinden edilen çykyşlar, şeýle hem türki döwletleriň ýolbaşçylarynyň öňe süren başlangyçlary we teklipleri kynçylykly ýagdaýda özara hereket etmek, birek-biregi goldamak ulgamynyň döredilmeginde çemeleşmeleriň birdigini aýdyň görkezdi.

Ankara şäherinde bolan wagtymyzda döredilen şertler we ýokary derejede geçirilen duşuşygyň ýokary netijeleri üçin size minnetdarlyk bildirýäris.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini aýratyn bellemek isleýäris. Ösüşe we yzygiderli häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklar açyklygy, ýürekdeşligi bilen tapawutlanýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, biz özara hormat goýmak ýaly gadymdan gelýän gymmatly däplerimiziň umumylygyna, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer häsiýetine ygrarly bolup durýarys. Biz hemişe Türkmenistan bilen Türkiýäniň öz gatnaşyklarynda “Bir millet — iki döwlet” diýen esasy ýörelgä eýerýändigini beýan edýäris. Ählumumy ösüşiň meseleleri boýunça özara düşünişmek halkara giňişlikde Türkmenistan bilen Türkiýäniň bilelikde ysnyşykly hereket etmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şuny bellemek bilen, birek-biregiň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny we tekliplerini biziň ýurtlarymyzyň özara üýtgewsiz goldaýandygyny nygtaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy tarapyndan öňe sürlen ählumumy çäreleriň ähmiýetine aýratyn ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu çäreler “nol zyňyndy” başlangyjyny ilerletmäge, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde umumy tagallalary işjeňleşdirmäge, tebigy serişdeleri ýerlikli peýdalanmaga, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatdaky Gün tertibini ilerletmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Türkiýäniň 30-njy marty Zyňyndysyz önümçiligiň halkara güni hökmünde yglan etmek baradaky başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen Kararnamasynyň awtordaşy hökmünde ilkinjileriň hatarynda çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly hanym Emine Ärdoganyň şu ýylyň 30-njy martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň mejlisinde eden çykyşy ekologiýa babatda giň gerimli we uzak möhletli maksatnamalary iş ýüzünde amala aşyrmaga, halkara jemgyýetçiligiň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen tagallalaryna möhüm goşant boldy.

Türkmenistan bu halkara maslahata işjeň gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bolan zenan maşgala bu taryhy mejlise başlyklyk etdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýokary derejedäki zenan wekili bolsa Türkiýäniň başlangyçlaryny we hormatly hanymyň aýdan tekliplerini goldamak bilen çykyş etdi. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky şeýle raýdaşlyk, Milletler Bileleşiginde garaýyşlaryň hem-de hereketleriň birligi döwletlerimiziň arasyndaky hakyky dostlugyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Sözümiziň ahyrynda Türkmenistanda we Türkiýede ýaşaýan adamlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmegiň beýleki döwletleriň halklarynyň arasyndaky döredijilikli, oňyn häsiýetli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigini aýratyn bellemek isleýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy