SPORT

Habib restoran zynjyryny döretmekçi

Ozalky “UFC” çempiony Habib Nurmagomedow çalt iýmit restoranlarynyň zynjyryny döretmegi meýilleşdirýär. Ol 2023-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň 5 döwletinde 150 iýmit nokadyny açmagy göz öňünde tutýar.

Bu barada Habib özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda mälim etdi. Habib Russiýanyň çalt depginlerde ösýän fastfud, ýagny çalt taýýarlanýan iýmit bazarynda öz ornuny almagy maksat edinýär.

Onuň ilkinji jemgyýetçilik iýmit merkezi Moskwa şäherindäki “Moskwa-siti” işewürlik merkezinde işläp başlady. Maý aýynyň ahyryna çenli rus paýtagtynda ýene-de 14 nokat açmagy meýilleşdirýär.

“M-eat by Khabib” ady bilen restoranlaryň sanynyň artmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu iýmit merkezleriniň Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Birleşen Arap Emirliklerinde açmak göz öňünde tutulýar.

Nurmagomedow sekiz aýdan gowrak wagt bäri çalt nahar restoranlarynyň zynjyryny döretmegiň üstünde işledi. Onuň aýtmagyna görä, restoran ugrunda köp sanly işewürden teklip alandygyna garamazdan, jemgyýetçilik iýmit ulgamynda öz markasyny gurmagy ýüregine düwüpdir.

 

Ronaldo ýene-de 4-5 ýyl futbol oýnamakçy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi