SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gyzykly maglumat: ilkinji lukmançylyk iňňesi

Näme üçindir lukman ýa lukmançylyk diýlende, ýadymyza ilki bilen sanjymlar düşýär? Bu pikir aňymyzda çagalykdan bäri galypdyr. Eýsem, sanjym etmekde ulanylýan lukmançylyk iňňeleriniň taryhyndan habaryňyz barmydy? Geliň, bu taryha bilelikde gysgaça göz aýlalyň!

Wena damaryna derman ibermek XVII asyryň ortalaryndan bäri amala aşyrylyp gelnipdir. Häzirki ulanylýan iňňeleri bolsa 1853-nji ýylda weterinar lukmanlar Çarlz Gabriel Prawaz we Aleksandr Wud biri-birinden habarsyz, özbaşdak oýlap tapypdyrlar.

Ilkinji sanjym enjamlary rezin silindrden ýasalypdyr. Onuň içine deriden we asbestden ýasalan metal sterženli porşen ornadylypdyr. Silindriň beýleki ujuna içi boş iňňe berkidilipdir. Silindriň açyk bolmanlygy sebäpli, dermanyň ölçeginiň görkezijileri üstünde däl-de, porşendäki steržene goýulypdyr.

 

«Samsungdan» kripto aktiwlerini dolandyrmak mümkinçiligi

 

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy