JEMGYÝET

Gyş paslynyň çilleleri

Türkmenleriň milli senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyzyň gyş paslyny dört bölege bölendigini görmek bolýar. 22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde makala ýerleşdirilipdir.

Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözüni miras galdyrypdyrlar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk». Şu pähimleriň her birinde umman ýaly giň many bar, olaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Gyşyň gar-ýagşynyň toprak üçin zerurlykdygyny, eger-de gyşda şol zatlar bolmasa, onda ýazda berekediň hem bolmajakdygyny pederlerimiz ýatladypdyrlar. Şonuň bilen baglanyşykly hem «Gyş bolmasa, guş bolmaz», «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz», «Gyş suwy — gyzyl suwy», «Çille gary — ýeriň gany» diýen ýaly pähimleri döredipdirler. Çillede ýagan garyň göýä ekin-dikine dökün berlen ýaly gowy täsir edýändigini her bir daýhan bilýär. Häzirki günlerde maýsalap, garyň aşagynda ýatan güýzlükler penjeläp otyr. Olar howa sähel maýlap başlandan, gününi sanap ösmek bilen bolýarlar. Ak damarlary kuwwatly we baldaklary ýogyn gelýär. Şondan soň onuň sähelçe idegini ýetirseň, tomusda bol hasyla garaşyber. Çille garynyň ýene-de bir peýdaly tarapy, ol topragy gowy ýumşadyp yzgarlandyrmak bilen, bugdaýyň damarynyň ýere çuň aralaşmagyna şert döredýär.

GAR ÝERDE NÄÇE KÖP ÝATSA, ŞONÇA PEÝDALY

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ekiniň damary topraga näçe çuň aralaşsa, hasyllylyk şonça-da ýokary bolýar. Kök topragyň çuňluklaryndaky peýdaly maddalar bilen iýmitlenip, ekin dürli kesellere çydamly we sagdyn bolýar. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, gar ýerde näçe köp ýatsa, şonça-da peýdalydyr. Dogry, garly howa öri meýdanlaryna käbir kynçylyklar döreýär, emma geljek ýazda otuň ösüşi başgaça bolýar. Hatda täze doglan guzular otuň içinde görünmän galýar. Hut şonuň üçin-de çillede ýagan gar bereket hasaplanýar. «Çillede suw içen üzüm hiç wagt suwsamaz» diýip, ata-babalarymyz hut şu döwürde üzümiň düýbüne köpräk gar toplap goýupdyrlar.

Ata-babalarymyz şeýdip uly çillede gar köp ýagyp, doňaklyk uzak dowam etse, ony gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soňra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Eger-de uly çille maýyl gelse, onda ol öz ornuny kiçi çillä berjek wagty: «Inim Sary, ýet, gara goýunda guýruk, esrik nerde örküç, sannyk aýalda hem hamyrmaýa galdy. Men-ä sakgalymyň agyndan utanyp, halkyň ýagdaýyna dözmän, doňaklygy gowşagrak etdim. Sen beri öz borjuňy berjaý et» diýip, kiçi çillä pugta sargarmyş. Şundan soň kiçi çille gazabyna tutsa, ata-babalarymyz: «Gyş soňuna syrykdy» diýip, öz aladasy bilen bolupdyrlar. Bary-ýogy ýigrimi gün dowam edýän kiçi çilläniň möhleti gutaryp, döwri geçenden soňra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar. Gyşda garyň, ýazda ýagmyryň, tomusda jöwzanyň bolmagyny gowulyk hasaplan eždatlarymyz müň keren mamla.

Şu ýylyň gyşy, turuwbaşdan aklyga, ak gara beslenip geldi. Munuň öz ýylymyzyň rysgal-bereketli, döwletli ýyllardan boljakdygynyň alamaty.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi