Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 8-9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwada iş saparynda bolar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
– Sadyr Žaparow 8-nji maýda Ýewraziýa Ykdysady geňeşiniň ýubileý sammitine we 9-njy maýda Moskwadaky Ýeňiş baýramy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe gatnaşar – diýlip, beýanatda belenilip geçilýär.
Ýewraziýa Ykdysady geňeşiniň ýubileý sammitinde guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşylar. Şeýle hem birnäçe möhüm resminamalar kabul ediler. Guramanyň çäklerinde elektron maglumat alyş-çaly’ taslamasy tassyklanar.
9-njy maýda Moskwadaky Ýeňiş baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagyna garaşylýar.
