DÜNÝÄ

Gyrgyzystan esasy kanunyna üýtgetmeler girizer

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow  ýurduň esasy kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanun taslamasy babatda sala-salyşlyk geçirmek hakyndaky karara gol çekdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezident administrasiýasynyň Maglumat syýasaty bölümi tarapyndan habar berildi.

Kanun taslamasy 2021-nji ýylyň 11-nji martynda ýurduň mejlisi “Jogorku Keneş” tarapyndan kabul edildi. Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasy barada kanunynyň taslamasy Gyrgyzystanyň raýatlary tarapyndan kabul edilmegi üçin sala-salyşlyga hödürlener. Sala-salyşlyk 2021-nji ýylyň 11-nji aprelinde Gyrgyzystanyň hemme ýerinde geçirmegi meýilleşdirilýär.  Şeýle hem bu kanun resmi taýdan çap edilen gününden başlap güýje girer. Gyrgyz Respublikasynyň täze konstitusiýasynyň taslamasy, ýurduň kanun çykaryjy edarasy “Jogorku Keneş” web sahypasynda çap edildi.

Täze kanun taslamasynda ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyklary, kanun çykaryjy organ bolan Jogorku Keneşiň ygtyýarlyklary, Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary babatda goşmaçalar giriziler.

 

Lamelanyň ýatdan çykmajak goly

 

 

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy