SIZDEN GELENLER

Gymmatyny müň tyllaga bermenem!

Döwletlilik ýörelgesinden gelip çykýan ençeme gymmatlyklarymyz — düşünjedir garaýyşlarymyz, milli däp-dessurlarymyz, durmuşa ornan urp-adatlarymyz, rowaýatdyr aýtgylarymyz, baý halk döredijilik eserlerimiz… bar. Olaryň ählisi gönüden-göni döwletlilik ýörelgesi bilen baglanyşykly bolup, öz beýanyny YNSAN durmuşynyň dürli pursatlarynda, menzillerinde, gatnaşyklarynda tapýar we inçeligi, çuňlugy, täsiredijiligi, terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy bilen aýratyn  tapawutlanýar. Olaryň hemmesi bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak ruhy baýlykdyr, genji-hazynadyr. Eziz Arkadagymyzyň bu täze kitaby hem şeýle genji-hazynalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda: «Konstitusiýamyzda biz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýip kesgitledik» diýýär. Şundan hem görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagly ýurdumyzda Adam ähli gymmatlyklaryň naýbaşy bolup durýar. Şeýledigi üçin, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Asmandan  arkaly, Zeminde zynatly» atly birinji bölüminiň başyny «Eziz il-halkym!» diýen ýüzlenmeden, ýagny adama, il-halkymyza bolan hormatdan başlap: «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk. Bu eýýamyň anyk mazmuny adam gymmatlygynda jemlenendir. Bu eýýamyň maksatlary hem adam gymmatlygyndadyr…» diýýär. Adam iň ýokary derejedäki zerurlygyň Zeminiň abadanlygyndadygyny, sagdyn durmuşdadygyny, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdadygyny aýdýar. Bu sözleri okap otyrkaň, dünýäňi buýsanç duýgulary gaplap alýar. Çünki biziň her birimiz abadan, sagdyn, eşretli durmuşyň hözirini görüp, lezzetini duýup ýaşaýarys. Eýsem-de, adam üçin şondan uly bagt barmydyr?!

Ýurt Baştutanymyzyň bu eserinde köp wakalar tymsaldyr aýtgylaryň üsti bilen berilýär. Bu bölümde-de şeýle bir tymsal bar welin, onda geçmişiň, häzirki wagtyň, geljegiň gürrüňi edilip,  haýsy biriniň gerekdigine syrykdyrylýar. Üç sany dana bu üç zat hakynda dürli pikirleri aýdýarlar. Birinjisi «Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa nädip biljek?!» diýse, beýlekisi «Geçeni «geçdi» bil. Olar saňa nireden gerekli bolsun?! Adam geljegi bilen ýaşamalydyr…» diýýär. Olaryň üçünjisi bolsa ýylgyryp, «… Geçmişiň yzda galdy. Geljegiň bolsa, entek seniňki däl. Adam şu güni bilen ýaşamaly. Adama şu gün has wajypdyr» diýip, sowalyň ýüregiňe jüňk bolýan anyk jogabyny aýdýar. Bu jogap «Adam şu güni bilen ýaşamaly!» diýip tekrarlap ýören ýüregiňde gyzgyn makullamany döredýär. Çünki, hakykatdan-da, şu günümiz ertir geçmişe öwrülýär. Geljegiň nähili boljakdygy bolsa şu güne bagly. Şonuň üçinem, şu günüňi manyly ýaşap, onuň ýagty geljege öwrülmegini, şu günüň bolsa geljege köpri bolmagyny gazanmaga çalyşmaly. Ine, eziz Arkadagymyzyň mysal getiren bu tymsaly hem dünýäňde, aňyňda şeýle garaýyşdyr pikirleri oýarýar

Şu ýerde «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly ikinji bölümiň üstünde hem durup geçesimiz gelýär. Çünki ylym-bilim ähli wagtda-da ynsanyň kämilliginiň sakasy bolupdyr. Ylym-bilimli adamynyň durmuşa, ýaşaýşa, adamlara bolan garaýşy başgaça bolupdyr. Şeýledigi üçin, eseriň başynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýilýär. Bu  bölümde-de bilimiň gymmatyny açyp görkezýän bir rowaýat getirilýär. Ondan görşümiz ýaly, bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla berýär. Ukyply bolandygy üçin oglan okamagy, ýazmagy tiz öwrenýär. Gepiň kelte ýeri, oglanyň kakasy hoşallygyny bildirmek üçin molla tylla ugradýar. Molla ony alman: «Men saňa heniz onça tylla alar ýaly bilim berip ýetişemok!» diýýär. Kakasy bolsa, «Bilimiň her zerresi altyn ahyry…» diýip, elinde bolsa, dünýe malyny berjekdigini aýdýar. Görýäňizmi, bilime berilýän bahanyň gymmatyny! Şeýle gymmata eýedigi üçin bilim hem, ylym hem durmuşa ýagtylyk çaýýar. Bilimli, ylymly adam hor bolmaýar. Durmuşda öz mynasyp ornuny tapýar.

«Saglyk — abatlyk» bölümi. Adyndan görşümiz ýaly, bu bölüm ynsanyň jan saglygy bilen baglanyşykly. Häzirki döwürde ol hasam wajyplyga öwrüldi. Şonuň üçinem, bu bölüm we onda beýan edilýän pikirdir teswirler diýseň ähmiýetli.

Bölüm: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr…»  diýen sözler bilen başlanyp, saglygyň iň bir gymmatly zatlaryň biri bolup durýandygyny aňyňa guýýar. Çünki sen ähli etsem-goýsamlaryňy diňe janyň sag, süňňüň sagat wagtynda amala aşyryp bilýärsiň. Saglyk adama ähli işleriňi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýledigi üçin, birdenem näsaglyga uçraýsaň, ol ähli maşgala agzalaryň bilen birlikde, seniň tutuş durmuşyňa täsir edýär.

Bu bölümdäki üzärlik bilen baglanyşykly tymsal hem diýseň täsirli. Ol aňymyza ornan, her gün diýen ýaly tütedip, uýup ýören üzärligimiziň gymmatyna gymmat goşýar. Beýan edilişine görä, bir ýaş oglan tebipden ähli derde em boljak dermany salgy bermegi sorapdyr. Tebibiň salgy beren dermany üzärlik bolup çykypdyr.

Saglyk bilen baglanyşykly bölümden soňky bölüm «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» diýlip atlandyrylýar. Bölümiň başyndaky: «Zähmet adamy adam edýär! Ýöne zähmetsöýerligi terbiýelemek aňsat iş däldir…» diýen sözler oýlanmaga mejbur edýär. Ýüregiňde «Eýsem-de, men nähili adamkam?» diýen sowaly döredýär. Öz-özüňe baha berip, bu sowaly jogapsyz galdyrasyň gelmeýär. Çünki kä halatlarda ýaltalyk edäýýänem bolsak, bize  «zähmetsöýer adam» diýen söz hoş ýakýar. Ýöne bu sözi hemmelere gazanmak başartmaýar. Onuň üçin alyn deriňi saçmaly, işeňňir, her bir işde yhlasly bolmaly şeýle häsiýetleri terbiýeläp bilýän adam zähmetsöýer, zähmete golaý adam bolýar.

Bölümde bir akyldaryň «…zähmet adamy üç sany dertden, garyplykdan, näsaglamakdan, ýürekgysmadan halas edýär…» diýen sözi mysal getirilýär. Ony ýüregiň bilen makullaýarsyň. Sebäbi zähmet çekýän adam hemişe rysgal-bereket tapyp, sarsmaz döwletiň eýesi bolýar. Eli uzadan ýerine ýetýär. Bu babatda zähmetiň tutýan orny diýseň ýokarydyr. Näsaglyk hakynda aýdanyňda bolsa, zähmete werziş bolan adam çeýe, yssa, sowuga uýgunlaşan adam bolmak bilen, ähli näsaglyklary ýeňip geçmäge ukyply bolýar. Şonuň üçinem, «Bikärligiň özem bir hassalyk!» diýilýär. Zähmet bilen baglanyşykly gürrüňleriň şu ýerdäki «…ýürekgysmadan halas edýär…» diýen ýeriniň bolsa durmuş hakykatydygyny kakam bilen baglanyşykly şeýle waka bilen subut edesim gelýär: Onuň ýaşy indi togsandan geçdi. Ýöne «Oturyber!» diýilse-de, elini gowşuryp oturasy gelenok. Howlymyzyň içindäki baglykda güýmenýär. Zähmet çekip öwrenen adamynyň boş oturmagynyň özüniňem hassalykdygyny tekrarlap, bu güýmenjeleriň özüni ýürekgysmadan halas edýändigini aýdýar. Ine, mähriban Arkadagymyzyň gymmatly kitabyndaky bu bölümiň üsti bilen hem ýüregimizde zähmete bolan bimöçber söýgi oýanýar. Şonuň üçinem, halkymyzda «Zähmet bagta ýetirýär» diýilýär.

Elbetde, beýleki bölümler babatynda-da gaty kän zatlary — özümizde galan täsirleri, pikirleri aýtmak mümkin. Ol pikirleriň ýaýylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyna çyn ýüregimizden ynanýarys.

 

Okaň, göýä suwsan deý,

Gözüň açar Suhan deý,

Türkmen agaň ynsan deý,

Geňeşdigi kitapdyr,

Eziz Arkadagyndan,

Garaşdygy kitapdyr.

 

Hawa, garaşyşymyz ýaly, ýurt Baştutanymyz bizi gymmatly kitaplary bilen begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle kitaplarynyň, şol sanda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»   atly täze kitabynyň höwri köp bolsun!

…Eseri okap otyrkaň, danalarymyzyň ruhy baýlyk bolup hyzmat edýän kitaba beren bahasyny ýadyňa salyp, «Gymmatyny müň tyllaga bermenem!» diýeniňi duýman galýarsyň. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby hem şeýle baha mynasyp bolup durýar.

 

    Ogultäç Oraztaganowa,

    žurnalist.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Gözel Öwezowa :Aýdymlary Ady Ýaly Gözeldir

Türkmen halky şahandaz halk. Ülkämizde ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Halkymyzda şirinden-şirin belent sesli aýdymçylaryň bolmagy biziň ählimizi buýsandyrýar. Diňleýjilerini özüniň ajaýyp owazy bilen göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowadyr. Biz hem ýakynda zehinli aýdymçy Gözel Öwezowa bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýty üçin döredijilik söhbetinde bolduk. Biz hem ussat aýdymçynyň beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň belent ykrary

Geçmişden geljegiň hakydasy

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk