BIZNES

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy aglabasy Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda we Okeaniýada ýerleşýän, ösüp barýan ýurtlary birleşdirýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Gatnaşyklaryň bu görnüşi birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, raýdaşlyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanyp, ösen we ösüp barýan döwletleriň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasydyr.

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy öz taryhyny XX asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda Bandung maslahatynda “Ählumumy Günorta” ýurtlary hyzmatdaşlygy we özara goldaw bermegi ugur edinýändiklerini yglan etdiler. Bu bolsa Goşulyşmazlyk hereketini kemala getirmek we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin başlangyç boldy.

Türkmenistan Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyna diňe bir format däl, eýsem, özara ösüşiň, tejribe alyşmagyň we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garaýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meselelerini çözmekde bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde DÇBÖBD-de döwrebap tehnologiýalara we nou-haulara elýeterliligi üpjün etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynda geçirilen hem-de Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerini çözmekde üstünlikli mysallaryny görkezýän 5 sany mowzuklaýyn ylmy-barlag işleri tanyşdyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

Türk we koreý kompaniýalary Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy 72,8%-e ýetdi

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistandaky känleriň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky taslamalar bukjasy 14 milliard dollardan geçdi

Özbegistan Owganystanda gaz känini özleşdirer