BIZNES

Gümrük ulgamynda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Gruziýaly kärdeşleri bilen «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy esasynda guraldy. Bu barada gullugyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmen tarapynyň bir penjire ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Gruziýa döwletiniň tejribesine bolan gyzyklanmasy, bu döwletiň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda gazanan netijeleri hem-de onuň «Bir penjire» ulgamyny üstünlikli durmuşa geçiren ýurtlaryň hatarynda ilkinji orunlary eýeleýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň utgaşdyryjy edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin bu ulgamy ornaşdyrmakda halkara öňdebaryjy tejribäni öwrenmek örän möhümdir.

Duşuşygyň barşynda «Bir penjire» ulgamynyň işi, bu ulgam arkaly gümrük taýdan resmileşdirme işleriniň guralyşy, hödürlenilýän hyzmatlar barada hem-de beýleki degişli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.   Gruziýaly kärdeşler bular boýunça taýýarlanan prezentasiýalary we degişli materiallar bilen paýlaşdylar.

Iş duşuşygynyň ahyrynda taraplar özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň geljekde-de gurnalyp durulmagyna we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

 

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular

Koreý kompaniýasy Türkmenistandaky ornuny berkidýär

Çagalar we gelejek: Innowasiýalaryň sergisi