SPORT

Gruziýa taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşýar

Şu ýylyň tomsunda Germaniýada geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylar belli boldy. Olaryň hatarynda öz taryhynda ilkinji gezek şeýle iri futbol ýaryşyna gatnaşjak Gruziýa boldy. Gruziýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin Gresiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy.

Duşuşyk 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulary arkaly Gruziýa 4:2 hasabynda öňe çykyp, Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Şeýlelikde Gruziýanyň ýygyndysy Ýewropa Çempionatynda “F” toparçada Türkiýe, Portugaliýa we Çehiýa bilen duşuşar.

Gruzinler 15-nji gezekde dünýäniň iri sport ýaryşyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Mundan ozal, Gruziýanyň ýygyndysy dünýä çempionaty ýa-da Ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin ähli synanyşyklarynda şowsuzlyga uçrapdy.

Gruziýa uly baýramçylyk. Ýurduň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan Gruziýanyň ýygyndysynyň futbolçylarynyň ýokary orden bilen sylaglanjakdygyny mälim etdi.

14-nji iýun-14-nji iýul aralygynda geçiriljek Ýewropa çempionatyna Ukraina bilen Şotlandiýa hem gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy