Men ol ýere baramda öňki gum-gukluk dünýäden başga bir täze dünýä düşen ýaly boldum. Meň geni galdyran zat zyýarata baran adamlaryň şeýle köp gelendigi däldi-de, Hindi-Hebeş, Ýapon-Hytaý, şeýle hem Ýewropanyň adamlaryňam bardygydy. Olaryň hemmesi birneme ýol geçen, saçlary selçeňlän adamlardy. Olar az, ýöne düşnükli gepleýärdiler. Bularyň gürrüňlerini diňleseň barysy Magtymgula bolan uly hormatdy. Gürrüňi hindi zenany başlady. Ol mähellä ýüzlenip şeýle diýdi.
̶ Galam ýöredýän adamlaryň ömri iki bolýar. Olaryň birinjisi Allanyň beren ömri, ikinjisi dünýä goýup giden eseriniň ömri. Magtymgulynyň bolsa, her bir setirinde, uly ömür ýatyr.
Şeýdip olar gezekli-gezegine Magtymgula bolan hormatlaryny aýdýardylar. Keseki adamlaryň öz ildeşiň hakynda ýagşy pikirde bolmagy diýseň ýakymlydy. Ýene bir akýagyz okymuş adam iňlis dilinde şeýle diýdi.
Men iňlis dilini beýle bir çuňňur bilmesemem çalarak seljerýärdim.
̶ NaysdEy. Kileýer skaý. Abahir evriwari. Hokeý – gowy gün. Arassa asman, hemme zat bolmalysy ýaly. Edil Magtymgulynyň şygry ýaly päkize.
Birden duran adamlar serpilen ýaly boldular. Aňyrdan eýranlylaryň milli egin-eşiginde sypaýy, peşeneli adam göründi. Ol göni gelşine kümmetiň ýanynda saklandy. Soňam şeýle diýdi.
̶ Men şu ýeriň kethudasy. Bu ýerde ýatan bolsa uly dünýäniň guwanjydy.
Ol şeý diýip, ýerden bir gysym toprak aldy-da maňlaýyna sürtdi.
Meniň görüp eşiden zatlarym gyz ýüregimi hem-ä gopdurýardy, hemem heýjana salýardy.
Soňky gören zadym hasam meni haýran galdyrdy. Taýak salym beýleräkde düňderilen dutary ýadyňa salýan tümmek bardy. Ol gubur däldi, ýöne tümmekdi. Tümmegiň ýanynda bir aýagy keýtik adam ýanbaşyndaky torbadan bir gysym dänäni alýardy-da, tümmegiň töweregine sepeleýärdi. Juda owadan guşlaram ony çokalaýardylar. Meniň oňa üns bilen seredýänimi gören ýolbeledim Jemal bajy sowal berdirmän gürrüňe başlady.
̶ Bu adamyny men tanaýaryn. Ady Aly. Ol özüniň maýyplygy üçin döwlet tarapyndan berilýän puluň gylla ýarysyna däne alyp, guşlara paýlaýar. Keýtik adam Magtymgulynyň “Göwünbir, guşdur” diýen setirini okapdyr. Şonuň üçin şahyryň ýatan ýerinde-de guşlaryň sesini eşidip, göwnüniň telwas urup durmagy üçin şeýle edýär.
Bu owadan guşlary ilkinji ýola görşüm. Olar guş dilinde jürküldeşip, nähilidir bir owaz bilen saýraýarlar. Bu saýrama bir seretseň türkmen gyjagynyň gamgyn sesine meňzeýärdi. Bir seretseňem ene hüwdüsine.
Men Jemal bajydan soradym.
– Bu nähili guş?
– Rabiýa.
- O nämäni aňladýar? Ady özündenem owadan eken.
- Şirin til.
Men durup bilmän guşlara tarap ýöneldim. Tümmegiň başujynda ýörite dikilen ýaly agaçda höwürtge bardy. Höwürtgäniň içinde daşy menek-menek bolan baş sany ýumutrga ýatyr. Tümmegiň aýakujynda bolsa nähilidir bir sähra güli barha çitreýär. Ol güýz gününiň howasyna gurap gitmejek bolup çytraşýardy.
Bu gören-eşiden zatlarymy akylyma sygdyryp bilmän başymy galdyramda, howadan ene süýdiniň hem-de güýz topragynyň ysy gelýärdi.
Men ol ýerden özüniň gymmatly zadymy galdyryp gaýdan ýaly, ýurduma ugradym…
Mahym Nazarowa,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet
bölüminiň kitaphanaçysy.
Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.
Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris.