Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize belent sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan döwlet baýdagymyz we Türkmenistanyň Konstitusiýasy başymyzyň täjidir.
Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda başymyzyň täji bolan Döwlet baýdagyna çuňňur hormat goýulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymaty bolsa ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň, ösüşleriň beýany bolmak bilen, jemgyýetimizi jebisleşdirip, adamlaryň hukuk goraglylygynyň ýokary derejede kepillendirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalarda türkmen halkynyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň halk köpçüligine, halkara jemgyýetçilige giňden ýaýradylmagy, baýlaşdyrylmagy ýaly wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda adamyň medeni, durmuş hukuklaryny goramak hem barha möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary Konstitusiýadan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzda döwlet nyşanlarynyň ýazgysynyň we olary peýdalanmagyň tertibiniň kanun bilen kesgitlenýändigi görkezilen. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýär.
Her bir döwletiň Konstitusiýasynyň özüne mahsus tarapynyň bolşy ýaly, biziň Esasy Kanunymyzyň aýratynlygy-da onda berkidilen hukuk kadalarynyň agramly böleginiň ynsanyň tebigy, mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilenligindedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli hukugyň esasy bolup, şol bir wagtda beýleki kanunlarymyzyň hukuk ýörelgelerini, ugurlaryny kesgitleýär. Esasy Kanunyň düzgünlerinde dolandyryş, raýat, maşgala, zähmet, kepillik, durmuş üpjünçilik we beýleki wajyp hukuk ýörelgeleri kesgitlenýär.
Selbi Urkidowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.