SIZDEN GELENLER

Gön önümlerine bolan isleg

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hojalyk jemgyýetleriniň iş ugurlarynyň biri-de gön önümçiligidir. Bu hojalyk jemgyýetleri arassa gönden öndürýän önümleriniň görnüşlerini köpeldip, müşderileriň söýgüsini gazanýar. Şu günler kärhanalarda her günde 400 — 500 jübüt aýakgap öndürilýär. Olaryň haryt nyşanly önümleri ýurdumyzyň çar künjeginiň dükanlarynda satylýar.

Häzirki günlerde kärhanalaryň aýakgaplaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kärhananyň hünärmenleri onlaýn satuw görnüşinde buýurmalary kabul edip, müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda hem işleri alyp barýarlar. Bu ugurda ýokary netijeleri hem gazanýarlar. Indi alyjylaryň göwün islän harytlaryny almak üçin dükanlara ýa-da uzak aralykdaky söwda merkezlerine gitmegiň hajaty ýok. Hojalyk jemgyýetleriniň «www.mbgroup.tm.com» resmi internet saýtyna girip, harytlar ýerleşdirilen bölüminiň hyzmatyndan peýdalanmak ýeterlik. Gön kärhanasynda her günde 10 tonna ýa-da 550 sany gara malyň derisini gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Ortaça hasap bilen günde 48 müň ― 50 müň dm2 möçberinde gön önümleri taýýarlanylýar. Bir jübüt aýakgap öndürmek üçin 45 dm2 gön gerek bolýar.

Aýakgaplary yzy­gi­der­li öndürmek kä­mil­leş­di­ril­ýär. Aýak­gap­la­ryň gör­nüş­le­ri­dir be­ze­gi pas­la gö­rä öz­gerdil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da aýak­gap­la­ryň gy­şa ni­ýet­le­nen ga­lyň, şol bir wagt­da-da ýe­ňil da­ban­lyk­ly­la­ry­na is­leg art­ýar. Önüm­çi­lik Ita­li­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­synda ýo­la goý­lan. Önüm­çi­lik­de aýak­gap­la­ryň berk­li­gi bi­len bir­lik­de, daş­ky gör­nü­şi­niň döw­re­bap bol­ma­gy­na-da aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Çagalar üçin gyş aýakgaplary do­wam ed­ýän gyş pas­lyn­da og­lan­jyk­la­ryň hem-de gyz­ja­gaz­la­ryň aýak­la­rynyň ýy­ly, ra­hat bol­ma­gy üçin döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Ola­ryň be­ze­gin­de Ita­li­ýa­nyň di­zaý­ner­le­ri­niň iş usu­lyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­kyn­da ýaz pas­lyn­da geý­mek üçin ça­ga aýak­gap­la­ry­nyň önüm­çi­li­gide geljekde meýilnamalaşdyrylýar.

Ýantorbalar okuw­çy­lar­dyr ta­lyp­lar üçin ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň ki­tap-dep­der­le­ri­, baş­ga-da bir­nä­çe okuw es­bapla­ry sal­mak üçin ýö­ri­te göz­le­ri bo­lup, gün­de­lik ulan­ma­ga amat­ly­dyr. Ýan­tor­ba­lar hem müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ne görä, dür­li reňk­ler­de ön­dü­ril­ýär. Bu önüm­le­riň aýak­gap­lar, gap­jyk­lar we beý­le­ki gön önüm­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ― bi­ri-bi­ri­ne meň­zeş be­zeg­li gör­nüş­le­ri­niň bol­ma­gy, aly­jy­la­ryň ün­sü­ni has-da özüne çek­ýär.         Ne­pis hem sün­nä­li ti­ki­liş usul­la­ry­dyr me­tal be­zeg­le­ri ýantor­ba­la­ry­na aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär.

Gapjyklar we resminama daşlary müş­de­ri­le­riň uly is­leg bil­dir­ýän önüm­le­ri­dir. Olar ýu­ka, berk de­ri­den ön­dü­ri­lip, ýa­nyň­da gö­ter­mek, gün­de­lik ulan­mak üçin amat­ly­dyr. Gön gap­jyk­la­ryň ulu­ly-ki­çi­li, dür­li reňk­li we owa­dan be­zeg­li gör­nüş­le­ri bar. De­ri­niň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de, bu önüm­le­riň dür­li na­gyş­ly, has ýum­şak hem amat­ly gör­nüş­le­ri taý­ýarla­nyl­ýar.

Pena Mämmedow, TOHU-nyň talyby.

 

“Liwerpul”: 2 minutda 2 gol bilen ýeňiÅŸ gazandy

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri