Gök ekinleriň dürli görnüşleriniń miweleri, ýapraklary, baldaklary, gülleri, kökleri gadym döwürlerden bäri, halk lukmançylygynda we ylmy lukmançylykda adamyň dürli kesellerini bejermeklikde ulanylýar. Häzirki döwrüń lukmançylyk barlaglary tarapyndan gök ekinleriň dürli keselleri bejermeklikde ulanyp boljakdygy subut edildi. Ähli gök ekinleriň arasynda sarymsak-serimsag adamyň dürli kesellerini bejermeklikde giňden ulanylýar. Sarymsak bilen bagyr, gan goýalmasy, dürli beýni keselleri, dişiň etiniň çişmesi ýaly keseller bejerilýär. Soganyň ýaşlary we düýpleri sowuklama, sogan ýagy ýanyk keselleri bejermek bilen, adamyň biologiki işjeňligini artdyrýar. Adamda howply çiş keseliniň döremezligi üçin sogan iýmek maslahat berilýär. Kelemiń dürli görnüşleri adam organizmindäki ýygnanan ýaglary we duzlary eretmeklige ukyply bolup, horlanmak üçin iýmeklik maslahat berilýär. Käşir – miwesi we ýapraklary her dürli ýaralary bejermeklikde peýdalanylýar. Käşir miwesi bilen bagra suw toplanmagy, aşgazan kesellerini, üsgülewikli näsaglar bejerilýär. Käşirdäki karotin aşgazan ýarasyny bejerip aýyrýar. Aşgazan içegelerdäki gurçuklary gyrmak üçin bir hepdäniň dowamynda, günde bir käse käşir şiresini içmek ýeterlikdir. Nahar şugundyrynyň kökmiwelerinden taýýarlanan şire adamyň ganyny arassalaýar, her hili gan kesellerini döremezligine ýardam edýär. Pomidor miwesi bilen aşgazandaky howply çiş keselleriň öňi alynýar. Şebit ýagy bilen sanjyly içagyry keselleri bejerilýär. Ak kelemiň ýapraklarynda saklanýan 1,63% kletçatka içege ýollarynyň işjeňligini artdyrýar, adam organizmindäki holesterini aýyrýar we ateroskleroz keselleriniň öňüni alýar. Kelemiň düzüminden tapylan tartroubaýa turşulygy adamyny çendenaşa semremekden gorap saklaýar. Kelemde peýdaly fermentler, mineral duzlar (fosfor, kalsiý, kaliý, demir we margenes), witaminler (C, karotin, B 1 , B 2 , B 6 , B 9 , P, K) saklanýar we işdäaçar hökmünde ulanmaklyk maslahat berilýär. Kelem onkibarmak içegäniň ýaralaryny bejermeklik üçin hem peýdalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýyldan bäri çapdan çykýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda, gök ekinleriň adam üçin dermanlyk häsiýetleri barada anyk maglumatlar berilýär we dürli keseller üçin ulanylyş aýratynlyklary beýan edilýär. Ýabany sersepiliň ýapraklary we baldaklary haýal otda suwda gaýnadylyp, peti böwrek, ýürek keselleri bejerilýär we damar giňediji, rahatlandyryjy önüm hökmünde ulanylýar. Adaty käşiriň miwe şiresi bilen bagyr, böwrek, holesistit, böwrekde we ötde daş emele gelmegi bejerilýär.
TAGANOWA NURBIBI,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy