SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Geýts pandemiýa üçin bilermenler guramasyny döretmegi teklip etdi

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts “Financial Times” neşirine beren beýanatynda täze pandemiýalary kesgitläp biljek halkara hünärmenleriniň guramasyny döretmegiň zerurdygyny mälim etdi.

Milliarderiň pikirine görä, bu gurama epidemiologlardan başlap tehnologiýa işläp düzüjilerine çenli dürli hünärmenlerden ybarat bolmaly. Geýtsiň belleýşi ýaly, ony Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) dolandyrmaly.

Şeýle hem, täze bir pandemiýanyň öňüni almak üçin “dünýä raýatlarynyň adyndan” has köp maýa goýumlarynyň çekilmelidigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Bill Geýts “Indiki pandemiýanyň nädip öňüni almaly” atly kitabyny ýazandygyny mälim edipdi. Bu kitap, üstümizdäki aýda, ýagny maý aýynda çapdan çykar. Dünýäniň iň baý işewürlerinden Bill Geýts täze kitabynda geljekki keselleriň öňüni almagyň mümkinçilikleri barada öz pikirlerini beýan etdi.

 

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna täze goşulan sport görnüşi

 

 

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy