German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň guramagynda 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewürler maslahaty geçiriler. Bu maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşar.
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyljak bu işewürler maslahatynda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeler seljeriler.
Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu nukdaýnazardan Berlin şäherinde geçiljek türkmen-german işewürler maslahaty uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolar.
