JEMGYÝET

Germaniýada “Berlinale” film festiwaly tamamlandy

Germaniýada 70-nji gezek “Berlinale” halkara film festiwaly geçirildi. Festiwalyñ jemleri boýunça baş baýragy ýagny “Gyzyl aýy” heýkelini eýranly Mohammad Rasoulofyň režissýorlyk etmegindäki “Sheytan Vojud Nadarad” filmi gazandy.  Eminleriñ baha bermegine görä, 2-nji orny amerikaly Eliza Hittmanyň “Never Rarely Sometimes Always” kinosy “Kümüş aýy” heýkeli bilen sylaglandy.

“Iñ gowy režissýor” baýragyny günorta koreýaly Hon-San-su aldy. “Berlinale” festiwalynda “Iñ gowy aktýor” baýragyna Elio Jermano we “Iň gowy aktrisa” baýragyna bolsa germaniýaly Paulu Ber mynasyp boldy. Damiano we Fabio Roberto doganlar festiwalyñ “Iñ gowy ssenariýa” ugry boýunça baýragy gazanyp, “Kümüş heýkel” bilen sylaglanyldy. Kolumbiýaly režissýor Kamilo Restrepo we kambojaly kinorežissýor Piti Panh hem baýraga mynasyp boldular. Sungat üstünliklerine görä, operator Ýurgen Ýurgens “Kümüş aýy” heýkeljigine mynasyp boldy. Ýurgens “Dau Nataşa” atly kinosynyñ düşüreni üçin sylaglandy. “Berlinale” halkara film festiwaly 1-nji martda tamamlandy we onuň çäklerinde 71 ýurtdan hödürlenen 340 film görkezildi.

Related posts

San Fransisko şäherinde “Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” çäresi geçirildi

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady