Geografiýa — Ýer baradaky iň gadymy ylymlaryň biridir. Okuwçylar geografiýany öwrenende dünýäniň we Türkmenistanyň tebigaty, howa şertleri, toprak örtügi, suwlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada örän köp gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolýarlar.
Gadymy grek dilinden terjime edilen “geografiýa” sözi – “ýeriň beýany” diýmekdir. Ýurdumyzda mekdeplerde “geografiýa” hem-de “Türkmenistanyň geografiýasy” dersleri okadylýar. “Türkmenistanyň geografiýasy” okuw dersini öwrenmek bilen ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary, halk hojalygynyň ösüşi we territorial guralyşy baradaky bilimleri we başarnyklary döretmek maksat edinilýär.
Türkmenistanyň geografiýasy ýurduň tebigatynyň, ykdysadyýetiniň, ilatynyň durmuş taýdan ösüşiniñ çylşyrymly meselelerinden baş alyp çykmaga, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň halk hojalygynda we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň mazmunyna düşünmäge, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmagyň derwaýysdygyna göz ýetirmäge kömek eder.
Ýurdumyzda şunuň ýaly düýpli özgertmeleriň geçirilýän wagtynda geografiýa ylmynyň häzirki zaman barlaglary we gazanýan netijeleri zerurdyr. Bu ylmyň barlaglary tebigy aýratynlyklary öwrenmäge, halk hojalygynyň territorial guralyşynyň we ilatyň ýerleşişiniň has ygtybarly nusgasyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunlukda, daşky gurşawy goramagyň we tebigatda deňagramlylygy saklamagyň mümkinçilikleri hem hasaba alynýar.
Okuw dersiniň wezipesi –talyplaryñ geografiýa dersini çuňňur öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmak, olarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky düşünjeleri döretmek, özbaşdak geografik pikirlenmäni kemala getirmek we ösdürmek, okuwçylarda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşyna, tebigy baýlyklaryna, ilatyna, hojalygyna, ekologik meselelere, şeýle hem aýry-aýry sebitlere ykdysady-geografik taýdan häsiýetnama bermek başarnygyny, hasabat we kartografiki maglumatlar bilen özbaşdak işlemek, derňemek we seljermek endiklerini döretmek we ösdürmek bolup durýar.
Geografiýa sapaklarynda iň gerekli görkezme esbap geografik kartalardyr. Mekdepde guralýan her bir sapakda tema laýyk gelýän geografik karta okuwçylaryň düşünjesini artdyrmakda, geografiýa ylmyna bolan höwesini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Okuwçylar öý işini aýdýan wagtynda geografik kartadan görkezip jogap berseler, olar özlerini geografik obýektiň ýanynda duran ýaly duýýarlar.
Geografik kartany okuwçylaryň gowy öwrenmegini üpjün etmek üçin ýörite sudur kartalar hem bardyr. Okuwçylar sudur karta mugallymyň tabşyrmagy boýunça ýurtlary, olaryň paýtagtlaryny, senagat merkezlerini, deňiz duralgalaryny, fiziki kartadan daglary, düzlükleri geçirýärler, kölleriň we derýalaryň atlaryny ýazýarlar. Şeýlelik bilen, olar karta boýunça alan bilimlerini has çuňlaşdyrýarlar, okuw kitabyndan alan bilimlerini berkidýärler.
Jamaladdin Mahmudow,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.