SIZDEN GELENLER

… Geňdir dünýä

Kuweýtde ýekeje-de derýa, guýy we demir ýol ýokdur.

Rowaýatlar görä, Gerodat Bodrumda, Gomer bolsa Izmirde doglupdyr. Pifagor Guş adasynyň golaýyndaky Samos adasynda ýaşapdyr.

Biblos-dünýäde ilknji finikiýa elipbiýiniň ýüze çykan Liwan şäheridir.

Dubaýda ýerleşýän dünýädaki iň uly bina bolan Burj Halifa binasynyň aýnalary her gün ýuwulýar.

Hytaýda ýerleşýän “Dünýä açylan penjire” atly tematiki seýilgähde dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky binagärlik täsininlikleriniň 130 sanysynyň göçürme nusgalary ýerleşdirilipdir.

Ýaponiýa ýer titremeleriň köp bolýan ýurdudyr.

Ýapon dilinde aýlaryň ady bolman, olar san bilen belgilenýär.

Ýaponiýada dörtburç garpyzlar ýetişdirilýär.

Ýapniýanyň ilaty gol çekmeýär.

Ýaponiýa we Wýetnam uzak ýaşly adamlaryň ýaşaýan ýurdy hasaplanýar.

Wýetnamyň pullary plastikadan ýasalandyr. Şonuň üçin olary suwa ezseňde, hiç zat bolmaýar.

Kore neberesiniň döwründe 1234-nji ýylda oýlanyp tapylan metal şriftler dünýädäki ilkinji çap enjam hasaplanýar.

Koreýada her ýylda 100-den gowrak täze filmler ekrana goýberilýär.

Khmer elipbiýi iň uly elipbiý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir. Onda 72 sany harp ýerleşdirilendir.

Mýanma ýurdunyň ýaşaýjylarynda familýa we atasynyň ady ýokdur. Sebäbi olarda diňe ady bardyr.

Tailandda sesiňi gataldyp gürlemek kabul edilen däldir. Ýylgyrmak-bu ýurtda adaty kada, ol ýere barýanlar Tailandy “Gülküler ýurdy” diýip atlandyrýarlar.

Tailandyň paýtagty bolan Bangkok resmi atlandyrylyşy boýunça dünýäde iň uzyn at hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir.

Singapurda sakgyjy köçä zyňmaga däl, ony ýanyňda saklamak we çeýnemek hem gadagandyr.

Malaýziýada özüňi gyzyklandyrýan zadyňy barmagyňy çommaldyp görkezmek edpsizlik hasaplanýar.

Indoneziýanyň çäginde 367 sany halkyýet ýaşap, olar 700 sany dilde gürleşýärler.

Filippinler “Dünýäniň tekst paýtagty” hasaplanyp, ýurduň raýatlary her gün gysga tekst habarlarynyň (SMS) 450 millionyny ýollaýarlar.

Hindistanda el gysyp salamlaşmak kabul edilen däldir.

Ysraýylda hepde ýekşenbe gününden başlanýar.

 

 Sumbar ANNANAZAROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň IV ýyl talyby.

 

Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan tomaşaçy kabul edilmeýär

 

 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda

Ykdysady özgertmeler – ösüşleriň binýady

Horezimşalar döwletinde nika gatnaşyklarynda Türkan hatynyň orny

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri