SIZDEN GELENLER

Geljegi nazarlaýan ösüş maksatnamasy

Eziz Diýarymyzyň ösüş ýoly barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri jemgyýetiň işjeň, döredijilik güýjüniň kuwwatlanýan, ruhunyň belende göterilýän we ýurduň hemmetaraplaýyn ösýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça tutumly işleriniň aýdyň netijeleri halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün edilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» maksady milletiň iňňän baý taryhy tejribesine we ruhy-medeni däp-dessurlaryna daýanmak bilen, ýurduň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmakdan, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bu işde halkymyzyň agzybirligi, jebisligi ilkinji zerurlyk bolup durýar we ol üpjün edilýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hyzmat etjek täze maksatnama geljek 30 ýylda ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şu jähetden, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 25-nji martynda geçirilen Hökümet mejlisinde agzalan resminamanyň durmuşa geçirilişiniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyna üns çekildi. Mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlary agzybirlikde üstünlikli amala aşyrmak babatda täze wezipeler kesgitlenildi.

Kesgitlenen wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipeleriň hatarynda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýup, elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de artdyrmak, oba senagat toplumynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem bar.

Şonuň ýaly-da, orta möhletli geljekde ýerden we suwaryş suwundan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ekerançylykda suwaryşyň suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak we ony ykdysady taýdan höweslendirmek, keseligine we dikligine önümçilik bileleşmesini ösdürmek üçin oba hojalyk kärhanalaryny we daýhan hojalyklaryny institusional taýdan pugtalandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hususy kärhanalaryň indikatiw meýilnamalaşdyryş esasynda çekilmegini guramaçylykly ýola goýmagyň kämil mehanizmini döretmek, ykdysadyýetiň institusional düzümini ösen bazar gatnaşyklaryna laýyklykda kämilleşdirmek üçin telekeçilik işi bilen meşgullanýan iri fiziki taraplaryň kärhanalara öwrülmegini ýola goýmak, ykdysady maksadalaýyklyga görä, milli ykdysadyýetiň düzüm emele getiriji pudaklaryndan başga pudaklarynda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň, şol sanda hususy kärhanalaryň hem döredilmegini giňeltmek, ýurtdaky haryt öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin ykdysady monopolizmi düzgünleşdiriş çärelerini yzygiderli kämilleşdirmek ýaly ugurlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder.

Eziz Saparow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/suwdan-netijeli-peydalanmak/

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri