Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda dokumental filmleri surata düşürmek işini dowam edýär. Ýaňy-ýakynda türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynda saparda bolup, dokumental filmi ýazgy etdiler.
Rahymberdi Annagulyýewiň ssenariýasy esasynda režissýor Maksat Gylyjowyň ýolbaşçylygynda bu dokumental film surata düşürildi. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew janlandyrdy.
Bu filmi döretmek işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow hem gatnaşdy.
Film goýujylar Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Golýazmalar we seýrek duş gelýän kitaplar boýunça milli merkezinde ýazgy etdiler, Astana şäherinde okaýan türkmen we gazak talyplary , şeýle hem metbugat wekilleri bilen söhbetdeş boldular.
Şeýle hem türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Gyrgyz Respublikasynda saparda bolup, 25-nji fewral-3-nji mart aralygynda wideoýazgy edýärler. Palwan Geldiýewiň režissýorlygynda “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Baýmyrat Musaýewiň edebi ssenariýasy esasynda dokumental film ýazgy edilýär.
Döredijilik topary Magtymgulynyň goşgularyny gyrgyz diline terjime eden terjimeçiler bilen söhbetdeş bolar, “Manas” gyrgyz-türk uniwersitetiniň işgärlerinden interwýu alarlar, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynda, Gyrgyz milli uniwersitetinde bolarlar, Gyrgyzystanda Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada goýlan teatr sahnasyny goýujylar bilen gepleşikler ýazgy ediler.
Umuman, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda, Azerbaýjandam Eýranda, Türkiýede we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda dokumental filmleri surata düşürdiler.