Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Italiýa Respublikasynda saparda boldy. Onuň bu saparynyň çäklerinde 1,5 milliard dollarlyk ylalaşyklar gazanyldy.
Italiýa Gazagystanyň ykdysadyýetine maýa goýýan esasy ýurtlaryň biridir. Bu ýurtda 300 italýan kompaniýa iş alyp barýar. Gazagystan öz gezeginde Italiýa bugdaý, daş kömüri we titan eksport edýär. Geçen ýyl ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 14,5 milliard dollara deň boldy. Ýakyn geljekde ony 20 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Saparyň çäklerinde geçirilen maýa goýum forumynda Gazagystanda 3 sany iri bilelikdäki zawody gurmak babatda ylalaşyk gazanyldy. Olar – Mangistau oblastynda tebigy gazy gaýtadan işleýän zawod, Turkestan oblastynda kükürt kislotasy zawody, Aktobe oblastynda bolsa, ýylylyk izolýasiýa materiallaryny öndürýän kärhana gurlar.
Mundan başga-da, ikitaraplaýyn derejede 1,5 milliard dollarlyk 18 resminama gol çekildi.
