SIZDEN GELENLER

Garpyzyň ideg işleriniň geçirilişi

Oba hojalyk ekinleri adamyň saglygy üçin örän peýdalydyr. Olaryň arasynda garpyz hem örän peýdaly bolan bakja ekinleriniň biridir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ekerançylyk pudagynda önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan günlerinde kärendeçi – bakjaçylarymyz garpyzdan bol hasyl almakda uly tagalla edýärler.

Bakja ekinleriniň esasylarynyň biri bolan garpyzy ösdürip ýetişdirmek üçin ýeňil we aralyk mele toprakly ýerler saýlanyp alynýar. Tarp ýerde ýorunja we kösükli ekinleriň hasyly ýygnalandan soňra şol ýerlere garpyz ekilse, onda ol hil taýdan arassa, we ýokary hasylly bolýar.

Garpyzyň sortlary:

Melitopol-142 (ala garpyz);

– Astrahan-147 (süýnmek ala garpyz);

– haýt gara;

-sanaç garpyzy;

-açyk gabykly garpyz.

Garpyzy ekmezden öň onuň çigitlerini çala duzly suwda 1-2 sagat saklap, olaryň arasynda bar bolan ýeňil we içi boş çigitler saýlanyp aýrylýar we kölegede tekiz görnüşde ýaýradylyp goýulýar hem-de çygly görnüşinde ekmäge taýýar hasap edilýär.

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda howanyň sowuk bolmagy sebäpli garpyzy 15-20-nji aprel aralygynda ekmeklik hem-de beýleki welaýatlarymyzda +14+15 gradus howa şertlerinde 5-10-njy aprel aralygynda ekmeklik maslahat berilýär. Şeýle ýylylykda, topragyň çyglylygy bolsa 48-54% bolanda çigitler 5-7 günde gögerip başlaýar.

Garpyzyň çigidini çägesöw ýerlerde 8-10 sm, ýeňil topraklarda 6-8 sm we aralyk mele topraklarda 4-6 sm çuňlukda ekilýär. Ekiliş usuly bolsa hatar arasy 3 metr we iki çigidiň arasy 0,5 metr aradaşlykda ekilýär.

Garpyza 10-12 günden suw tutulýar. Oňa köp suw tutulan ýagdaýynda miwesi uly, agyr we süýjüligi pes bolýar. 1 gektara berilmeli suwuň möçberi 600-800  – dyr.

Garpyz ekilen ýerlerde ýagşyň ýagmagy ýa-da suwuň tutulmagy  netijesinde ýeriň ýüzi gapaklan bolsa onda ýerler yzygiderli ýumşadylyp durulýar.

Bakja ekinleriniň biri bolan garpyz üçin birnäçe ideg işleri geçirilýär. Olaryň hatarynda onuň gollaryny pazyl ýassyklara geçirmek we şemal togalap, düýrlemez ýaly topraga bassyryp goýmak, hatarara bejergi işlerini geçirmek, garpyzyň ösmegine päsgel berýän hapa-haşal otlary aýyrmak we mör-möjekleriň zyýan bermeginden goramak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Suwarymly şertde garpyzyň 1 gektaryndan 160-180 sentner hasyl alynýar.

 

HANJAÝEW  SYLAPBERDI,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

200 sany “Toyota Corolla” kysymly taksi ulanyşa giriziler

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk