SIZDEN GELENLER

Garaşsyz Türkmenistanyň üstünliklere beslenýän daşary syýasaty

Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýy toýlanylýan buýsançly günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, üstünlikli durmuşa geçirilýän milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalarymyz belent maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, özara bähbitli, deňhukukly esasda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan anyk başlangyçlary köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär. Munda halkara we sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär.

14-15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Dünýäde parahatçylygy, hoşniýetliligi ýörelge edinýän Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygy barha berkidýär we ösdürýär. Şeýle parahatçylyga esaslanýan ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna doly gabat gelýändigini bellemelidiris. Şonuň üçin hem Türkmenistan döwletimiz halkara guramalary, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisien gatnaşmagy, onda öňe süren halkara ähmiýetli başlangyçlary Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has ýokary derejelere çykýandygyny görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna geljegi nazarlaýan Türkmenistanyň oňyn garaýyşlaryny, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek möhüm bolup durýar.

Goý, mähriban halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Dawut Baýramow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Dil-kämilligiň açary