Türkmenistan döwletimiz täze döwre ýagny, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyna” gadam basýar. Bu eýýamyň esasy maksady «Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda , geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Bu maksatnama halkymyzyň nurana geljegini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, eziz Watanymyzyň ösen döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak, dünýä halklary bilen ysnyşykly dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek ýaly birnäçe wezipeleri öz içine alýar.
Tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň innowasion tehnologiýalary doly ulanmak bilen senagat we nebit-gaz pudaklaryny mundan beýlägem ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek, «Ýaşyl ykdysady» syýasatyny alyp barmak täze eýýamyň öňde goýan iň derwaýys meseleleriniň hataryna girýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu sanly ulgam arkaly multimodal ulag geçelgelerini döretmek, ulag-logistikanyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek Milli maksatnamanyň öňünde durýan borçlaryň biridir. Eksporta niýetlenen önümleriň mukdaryny artdyrmak, importyň möçberini azaltmak işlerini talabalaýyk dowam etmek , netijeki maýa goýum syýasatyny has-da ösdürmek, daşary ýurt maýadarlaryny giňden çekmek işlerini dowam etmek maksatnamanyň düzümindäki amala aşyrylmaly işleriň hataryndadyr.
Günsaýyn ösýän ýurdumyzda ilatymyzyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak iň esasy wezipedir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzdan ugur alyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertleri uly depginler bilen ýokarlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Meniň bar aladam halkym!» diýen sözleri berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň özeninde durýar. Bu täze eýýam halkymyzyň asudalygyny, agzybirligini has-da berkider.
Watanymyzyň nurana geljegi üçin uly-uly işleri durmuşa geçirýän, berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşyna ak pata beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, alyp barýan işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!
Ýakup Akmämmedow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitediniň talyby.