BIZNES

Galla oragyna badalga berler

Ýurdumyzda 3-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 10-njy iýunda goşular.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde bu welaýatda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Şol mejlisiň barşynda galla oragyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda galla oragyny guramaçylyk geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda 3-nji iýunda we 10-njy iýunda galla oragyna girişiler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguza ilkinji sapary

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder