BIZNES

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 2-nji we 3-nji tapgyrlary amala aşyrylar

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde çykyş eden “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky we mundan soňky tapgyrlary barada durup geçdi.

Dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň gory 27,4 trillion kubmetre barabardygy bellenilýär.

Tapgyrlaýyn özleşdirilýän bu gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary üçin halkara maýadarlar bilen gepleşikler işjeň alnyp barylýar. Gaz känini özleşdirmegiň 2-nji we 3-nji tapgyrlary boýunça 2025-nji ýylyň birinji çärýegine çenli oňyn netijelere garaşýarys, diýip Maksat Babaýew belledi.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda “Petrofac”, “CNPC” we “Hyundai Engineering” kompaniýalary tarapyndan harytlyk tebigy gaz önümçilik desgalary guruldy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew halkara nebitgaz forumynyň çäklerinde Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihneýew bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder