SIZDEN GELENLER

Gadymy şäher başgaça atlandyrylýar

Pe­ru­nyň iň meş­hur ýa­dy­gär­lik­le­rin­den bi­ri bo­lan Ma­çu-Pik­çu şä­he­ri­niň ady aslynda başgaça atlandyrylýan eken. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda durýan bu gadymy şäher “Uaýna-Pikçu” diýlip atlandyrylýan eken.

Internet maglumatlaryna görä, bu barada degişli karara taryhçy Donato Amado Gonsales geldi. Ol Perunyň Medeniýet ministrliginiň taryhçysydyr. Şeýle hem oňa bu babatda Illinoýs şäherinden arheolog Braýan Bauer ýardam etdi.

Olaryň pikirine görä, Maçu-Pikçu And medeniýetiniň ýerleşýän ýerindäki dagyň ady eken. Şäher bu at bilen atlandyrylmandyr. 1911-nji ýylda bu gadymy şäheri täzeden açan syýahatçy Hirama Bingamanyň ýalňyşlygy bilen şäher şeýle atlandyrylypdyr.

Alymlar 1904-nji ýyldaky atlasda bu gadymy şäheriň “Uaýna-Pikçu” diýlip atlandyrylandygy mälim etdiler.

De­ňiz de­re­je­sin­den 2400 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Ma­çu-Pik­çu 2007-nji ýyl­da «Dün­ýä­niň tä­ze 7 tä­sin­li­gi­niň bi­ri» di­ýen ada eýe bol­dy. “Inkleriň ýiten şäheri” diýlip hem atlandyrylýan Maçu-Pikçu Günorta Amerikada syýahatçylaryň iň köp syýahat edýän ýeri hasaplanýar. Bu şäheri köp sanly syýahatçylar görmäge gelýärler.

1943-nji ýylda çilili şahyr Pablo Neruda Maçu Pikçu hakynda goşgy ýazdy. Ol „Maçu-Pikçunyň belentligi“ atly goşgusynda bu täsin şäher baradaky oýlanmalaryny beýan etdi. „Motosikletçiniň gündeligi“ atly filmde-de bu şäher görkezilýär. Maçu-Pikçu – inkleriň syrly we gizlin şäherleriniň biri. Maçu-Pikçu „Garry dag“ diýen manyny berýär. Häzir ol ýere Kusko şäherinden awtobus ýa-da otly bilen barmak bolýar. Kusko bilen Maçu Pikçunyň arasy dört sagatlyk ýol.

Öwezberdi Nurmedow, TOHU-nyn talyby.

 

 

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy ýerine ýetirildi

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…