SPORT

Futbolçy eksportunda öňdebaryjy ýurtlar

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda futbol iň ýörgünli sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Bu sport şol bir wagtda ykdysady taýdan hem bähbitli bolup durýar. Bir tarapdan futbol toparlary futbolçylary satyp pul gazanýan bolsa, beýleki tarapdan futbolçylar hem täze-täze toparlara geçmek bilen girdejisini ýokarlandyrýar.

Umuman bu babatda futbol obserwatoriýasy “CIES” tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, daşary ýurtlara iň köp futbolçy iberýän, ykdysadyýet dilinde eksport edýän ýurtlaryň sanawy taýýarlandy. Bu ugurda birinjiligi Braziliýa eýeleýär. 1600 futbolçysy daşary ýurtlaryň toparlarynda oýnaýar. Ikinji orunda Fransiýa (1027) we üçünji orunda Argentina (972) barýar.

Sanaw şeýle:

  1. 1. Braziliýa — 1600 futbolçy.
  2. 2. Fransiýa — 1027.
  3. 3. Argentina — 972.
  4. 4. Angliýa — 565.
  5. 5. Ispaniýa — 559.
  6. 6. Serbiýa — 521.
  7. 7. Germaniýa — 480.
  8. 8. Kolumbiýa — 467.
  9. 9. Horwatiýa — 446.
  10. 10. Nigeriýa — 399.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi