SPORT

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler

10-njy maýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda toparlaryň dördüsiniň (“Altyn Asyr”, “Aşgabat”, “Köpetdag”, “Ahal II”) gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler.

Paýtagtymyzda geçiriljek Kubok bäsleşiginiň ýeňijileri 18-nji maýda belli bolar.

Toparlar ilki bir aýlawda geçiriljek duşuşyklarda bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda, üçünji hem-de dördünji orunlary eýelän toparlar bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda güýç synanyşarlar.

Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçiş tertibi:
I tapgyr (10.05.2022 ý.)
“Altyn Asyr” – “Aşgabat”
“Ahal II” – “Köpetdag”

II tapgyr (11.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Köpetdag”
“Altyn Asyr” – “Ahal II”

III tapgyr (13.05.2022 ý.)
“Ahal II” – “Aşgabat”
“Köpetdag” “Altyn Asyr”

IV tapgyr (14.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Altyn Asyr”
“Köpetdag” – “Ahal II”

V tapgyr (16.05.2022 ý.)
“Köpetdag” “Aşgabat”
“Ahal II” – “Altyn Asyr”

VI tapgyr (17.05.2022 ý.)
“Aşgabat” – “Ahal II”
“Altyn Asyr” – “Köpetdag”

3-nji orun ugrundaky duşuşyk (18.05.2022 ý.)
Final (18.05.2022 ý.)

Bellik: Kubok bäsleşiginiň duşuşyklary “Aşgabat” köpugurly hem-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky “Sport toplumy” stadionlarynda geçirilýär.

 

 

Koreýa Respublikasy: Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi