SPORT

Fransiýa, Türkiýe, Germaniýa… çempionlar belli bolup barýar

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary tamamlanyp barýar. Çempionatlarda çempion boljak toparlar üçin ykbal kesgitleýji duşuşyklar galdy.

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynyň 31-nji tapgyrynda “Bawariýa” bilen “Borussiýa Dortmund” derbisi bar. Bu duşuşykda “Bawariýa” ýeňiş gazanan halatynda, çempionatyň tamamlanmagyan 3 tapgyr galanda çempionlygyny yglan eder.

Bu duşuşyk 23-nji aprelde çykar.

Türkiýäniň çempionatynda hem “Trabzonspor” topary çempionlyga barýar. 73 utk bilen öňdeligi eýeleýän “Trabzonspor” topary 34-nji tapgyrda “Adana Demirspor” topary bilen duşuşar. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan halatynda, çempionatyň ikinji tapgyryndaky “Fenerbahçe” topary hem utuk ýitiren ýagdaýynda, “Trabzonspor” topary çempionatyň tamamlanmagyan 4 tapgyr galanda çempionlygyny yglan eder.

Fransiýanyň çempionatynda Lionel Messiniň “PSŽ” topary indiki tapgyrda “Lens” topary bilen geçiriljek duşuşykda 1 utuk gazanan halatynda, çempionatyň tamamlanmagyna birnäçe tapgyr galanda çempionlygyny yglan eder.

 

Erik ten Hag – “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi