BILIM

Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Fizika boýunça Nobel baýragyna amerikaly alym, Prinston uniwersitetinden, ABŞ-nyň Milli ylymlar akademiýasynyň agzasy Jon Hopfild we Kanadanyň Toronto uniwersitetiniň alymy Jeffri Hinton mynasyp boldy.

Nobel baýragynyň komiteti tarapyndan ýaýradylan habara görä, alymlar bu arzyly baýraga neýrosetler boýunça geçiren ylmy işi üçin mynasyp boldular.

Şu ýylyň fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri döwrebap we güýçli maşyn ylmynyň esasyny düzýän usullary işläp düzmekde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlandy.

Jon Hopfild maglumatlarda dürli nusgalaryň we suratyň gaýtadna dikeldilmegi we saklanylmagy üçin assosiatiw ýady döretdi. Jeffri Hinton bolsa, maglumatlarda häsiýetleri özbaşdak tapyp bilýän we şeýlelik bilen şekillerdäki aýratyn elementleri kesgitlemek ýaly meseleleri ýerine ýetirip bilýän usuly oýlap tapdy.

Düýn lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edilipdi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary