JEMGYÝETSÖHBETDEŞLIK

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem üstümizdäki ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2 gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiz tarapyndan dürli derejede halkara we ýerli çäreler guralýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň ilçileri bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlikler guraýarys.

Nobatdaky söhbetdeşligimizi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen geçirdik. Ilçi söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berdi.

Şol söhbetdeşligimiz siziň dykgatyňyza ýetirýäris:

  1. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklary ösdürmek ugrunda amala aşyrylan işler barada gürrüň beräýseňiz?

Eýran Yslam Respublikasynyň ýakyn goňşularyndan biri hökmünde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Sebäbi iki ýurduň goňşuçylygyndan başga-da, dürli medeni, taryhy, dini we  etniki ugurlarda köp sanly umumylyklary bar. Bu umumylyklar özara syýasy we ykdysady işleri öňe ilerletmek babatda iki ýurduň arasynda pugta we dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny tutdy.

2024-nji ýylda iki ýurduň gatnaşyklary ähli ugurlarda okgunly we güýçli depginde alnyp baryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Eýranda täze hökümet düzüleninden soň Tährana sapar eden ilkinji daşary ýurtly lider boldy. Eýranyň Prezidenti jenap doktor Masud Pezeşkian hem prezidentlik wezipesine girişmeginden iki aý soň Magtymguly Pyraga bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar etdi. Şeýle hem 2024-nji ýylda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň we başga ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn saparlarynyň şaýady bolduk. Olardan Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministriniň, Merkezi bankynyň başlygynyň, nebit ministriniň orunbasarynyň we daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada bolan saparlaryny agzamak bolar.

Ykdysady ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük guramasynyň ýöredýän statistikasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda iki ýurduň söwdasynyň möçberi şondan öňki ýyla garanyňda ýigrimi göterim çemesi artypdyr. Iki taraplaýyn söwdany has ýokary derejelere ýetirmek ugrunda hem gepleşikler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Eýran kompaniýalarynyň bir toparynyň gatnaşmagynda “Iran Agro Food” sergisi geçirildi. Bu sergi türkmenistanlylar tarapyndan gyzyklanma bilen garşylanyldy. Iki ýurduň arasynda birnäçe söwda wekiliýetleri alşyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň uly söwda wekiliýeti “Iran Expo 2024” sergisi bilen ýerinde tanyşdylar.

Iki ýurduň medeni ugurdaky köp sanly umumylyklaryny nazarda tutup, bu pudak boýunça hem iki ýurt arasynda gowy hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň arasynda sungat,  medeniýet,  ylmy we sport toparlarynyň alyş-çalşygy oňat dowam edýär. Eýranyň medeniýet ministri we medeniýet ministriniň orunbasary Magtymguly Pyragyny hatyralamak çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar etdiler. Eýranly sungat ussatlary tarapyndan Aşgabat şäherinde birnäçe sergiler geçirildi. Olaryň hatarynda Moda we lybas sergisi, syýahatçylyk sergisi bar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda bu ýokary okuw mekdeplerinde Eýranyň buýsanjy bolup durýan şahsyýetlerine bagyşlanan çäreler geçirildi. Her ýyldaky ýaly Türkmenistanyň ýokary wezipeli hökümet işgärlerinden, ýokary okuw mekdeplerinden wekillerinden, medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat topar Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan çärä gatnaşmak üçin Eýrana sapar etdi.

  1. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna nähili baha berýär?

Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary bu ýurduň 1991-nji milady ýylynda garaşsyz bolan wagtyndan başlandy. Eýran Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň hatarynda boldy. Şol ilki günlerden bäri hem iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we giňişleýin gatnaşyklar emele geldi. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň yglan edilmeginden we onuň 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürülmeginden soň Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň gelen bu taryhy kararyna bolan goldawyny bada-bat goldady. Häzirki wagtda hem Eýran Yslam Respublikasy “Bitaraplygyň Dostlary” toparynyň açyk agzasydyr we Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy rowaçlandyrmak ugrundaky ähli başlangyçlaryny goldaýar. Görnüşine görä, Türkmenistan tarapyndan bitaraplyk syýasatynyň kabul edilmegi bu ýurduň sebitdäki we dünýädäki ornuny ýokarlandyrýar. Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagynda täsirli roly ýerine ýetirip biler. Bu bolsa sebitdäki ähli ýurtlara bähbit getirýän bir ýagdaýdyr. Mysal hökmünde aýtsak, geçen ýyl Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hödürlenen kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda tassyklanyldy. Şol kararnama esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Eýran Yslam Respublikasy edil Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny we öňki başlangyçlaryny goldaýşy ýaly, hormatly jenap Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu başlangyjy babatda hem doly we kesgitli goldawyny yglan etdi. Şu ýylda Eýranyň içinde hem Türkmenistanyň hormatly hökümeti bilen bu mynasybetli bagyşlanan bilelikdäki çäreler geçiriler. Biz Türkmenistanyň hökümetiniň halkara we sebit derejelerinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagy ugrunda konstruktiw we täsirli roly ýerine ýetirip başarjakdygyna pugta ynanýarys.

  1. Türkmenistanyň ýaşlary dünýäniň dürli ýurtlarynda bilim almaga uly gyzyklanma bildirýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň beräýseňiz?

Ýurtlaryň ikisi-de, ýagny Eýran hem, Türkmenistan hem ylmy we uniwersitet hyzmatdaşlyklary babatda örän gowy mümkinçiliklere eýedir. Eýranly professor mugallymlaryň we talyplaryň tagallasy bilen häzir Eýran ylmyň nanotehnologiýa we biotehnologiýa ýaly köp sanly ugurlarynda dünýäde öňde barýan ýurtlaryň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Eýranyň ýokary okuw mekdeplerinde üç million iki ýüz müň talyp bilim alýar. Eýran ylym öndürmekde dünýäniň ikinji musulman ýurdudyr. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda onkologiýa we nerw kesellerini bejermekde ulanylýan lukmançylyk izotoplaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy, iň üstünlikli ýurtlarynyň hatarynda durýar. Biz bu ylmy gazananlarymyzy Türkmenistanly eziz doganlarymyz bilen paýlaşmaga  taýýardyrys. Şonuň ýaly-da, biz Türkmenistanyň ylym we ýokary bilim pudagyndaky tejribelerinden we gazananlaryndan peýdalanmaga gyzyklanýarys. Şeýle hem, Türkmenistanly eziz talyplara Türkmenistan tarapynyň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça akademiki stipendiýalary, ýagny talyp hakly okuw orunlaryny bermäge taýýardyrys. Eýranyň uniwersitetlerindäki bilimiň hilinden başga-da, iki ýurduň çäk taýdan ýakynlygy, howpsuzlygyň örän ýokary derejesi, medeni ýakynlyklar we ýaşaýyş üçin çykdaýjylaryň azdygy ýokary bilim almaga gyzyklanma bildirýän türkmenistanly talyplar üçin örän özüne çekiji boljak başga ýagdaýlardyr. Begendiriji ýeri, soňky ýyllarda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ähtnamalara (Özara düşünişmek hakda ähtnamalara) gol çekildi. Bu resminamalar olary baglaşan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmäge, mugallym we talyp alyşmaga mümkinçilik berýär. Olardan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşadyň Ferdowsi adyndaky Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýa-da S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gorgan şäheriniň Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany agzamak bolar. Biz Türkmenistanyň hökümetiniň kömegi bilen iki ýurduň arasyndaky uniwersitetara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk infrastrukturasyny döretmek ugrunda tagalla edýäris. Biziň öz ösüşlerimizi iki halka we sebitiň ýurtlaryna degişli diýip hasap edýändigimizi nygtaýaryn.

  1. 2025-nji ýylda türkmen-eýran gatnaşyklaryndan nämeler garaşýarys?

Iki ýurduň beýik Liderleriniň mizemez erki we aýgytlylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň itergi beriji güýjüdir. Munuň özi biz, ýagny iki ýurduň diplomatlary üçin Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk-dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary öňe ilerletmekde uly sermaýa bolup durýar. Hut şu sebäpli hem biz iki ýurduň beýik Liderlerine we hormatly Prezidentlerine janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, hyzmatdaşlyklaryň mümkin ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, iki halkyň arasynda dostluk we doganlyk baglanyşyklarynyň pugtalandyrylmagy we çuňlaşdyrylmagy ugrunda uly üstünlikler arzuw we bu barada ýagşy dilegler edýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň hormatly Prezidenti jenap doktor Masud Pezeşkian bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde iki tarap iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary nygtadylar. Begendiriji ýeri, ýurtlaryň ikisinde-de söwda dolanşygynyň derejesiniň ýylda birnäçe milliard dollara çenli artdyrylmagyna mümkinçilik berjek örän gowy mümkinçilikler bar. 2025-nji ýylda Eýranyň Golestan welaýatynda Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Mary şäherinde Eýranyň Horasane Razawi welaýatynyň ykdysady mümkinçilikleriniň sergisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu sergileriň geçirilmegi iki ýurduň hususyýetçileriniň we ykdysady işewürleriň mümkinçilikleridir başarnyklary barada habarlylygyny güýçlendirmekde örän netijeli bolup biler.

Iki ýurt häzirki wagtda ulag-üstaşyr we energetika pudaklarynda gowy hyzmatdaşlyk edýärler. Bu pudaklaryň jogapkär ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmeklige bagyşlanan yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Bu duşuşyklar örän gowy netijeleri hem berýär. Iki ýurt özleriniň geografiki ýerleşişi nukdaýnazaryndan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýär. Munuň özi bolsa, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry bolup durýar. Şunuň esasynda biz 2025-nji ýylda iki ýurduň gatnaşyklary okgunly ösüp barýan gatnaşyklar bolar diýip garaşýarys. Şeýle gatnaşyklar bolsa diňe iki halkyň we iki goňşy ýurduň bähbidine bolmak bilen çäklenmän, eýsem sebitiň hem bähbidinedir.

Ýene-de okaň

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Türkmenistan Gazagystany BMG-niň Kararnamasy bilen gutlady

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler

Ýaponiýa “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri