JEMGYÝET

Eýran Türkmenistan bilen tebigy gaz şertnamasyny dikeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Serdar Berdimuhamedow we Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýeti Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada “Shana” internet neşiri habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylan gepleşiklerinde Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bir gije-gündiziň dowamynda 40 million kubmetr ýa-da ýylda 10-15 milliard kubmetr tebigy gaz geçirmek mümkinçiligine eýediklerini belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilip başlandy. Ol üçtaraplaýyn tebigy gazy alyş-çalyş şertnamasy esasynda alnyp barylýar.

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji iki ýurduň bilermenleri tarapyndan taýýarlanan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça hem resminamalara gol çekiljekdigini belledi.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda tebigy gaz şertnamasyny dikeltmek, tebigy gaz alyş-çalşygyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp baryljakdygyny belledi.

Şeýle hem gepleşiklerde nebit önümlerini öndürmek, inžener-tehniki hyzmatlaryň alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerine hem garaldy.

Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan arasynda ýola goýlan tebigy gaz alyş-çalyş şertnamasy Eýranyň demirgazyk böleginde tebigy gaz ýetmezçilik meseleleriniň hem oňyn çözülmegine ýardam edendigi bellenildi.

 

Türkmenistan bilen Owganystan ykdysady taslamalary işjeňleşdirýär

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy