BIZNES

Eýran-Azerbaýjan-Türkmenistan tebigy gaz şertnamasynyň tapgyrlary maslahatlaşyldy

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Tähranda “SOCAR” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Röwnag Abdullaýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Eýranyň “Shana” habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we Tähran-Bakuwyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryna ünsi çekip, taraplar tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Türkmenistan arasynda üçtaraplaýyn tebigy gaz alyş-çalşygy şertnamasyny durmuşa geçirmek we şertnamanyň durmuşa geçiriliş tapgyrlaryny taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Energetika gatnaşyklaryny ösdürmek we Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Azerbaýjan wekiliýetiniň Eýrana amala aşyran saparynyň gepleşikleriniň esasy mowzugyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Türkmenistan arasynda üçtaraplaýyn tebigy gaz alyş-çalşygy ylalaşygy gazanyldy. Bu babatda Eýranyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda degişli şertnama gol çekildi.

Şol ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň tebigy gazyny “swap” görnüşinde Azerbaýjana ibermek göz öňünde tutulýar.

 

Ýapon syýahatçylaryň kosmos syýahaty başlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary