SIZDEN GELENLER

Ertirlik üçin batyrmanyň taýýarlanylyşy

Her bir adam batyrma naharyny uly höwes we ýokary işdämenlik bilen iýýär. Bu süýji tagamy taýýarlamak örän aňsatdyr. Ony taýýarlamak üçin şu aşakdaky önümler gerekdir:

  • 6 nahar çemçesi ösümlik ýagy ýa-da 3 nahar çemçesi ak ýag;
  • üwelen et;
  • 1 sogan;
  • 3 bolgar burçy;
  • 1 badamjan;
  • 5-6 sany pomidor;
  • 1 diş sarymsak;
  • duz we iri gyzyl burç.

Batyrma tagamyny taýýarlamak üçin ilki bilen gazana ýag guýup, aramlyk otda goýmaly. Ýag gyzandan soň, onuň içine üwelen eti atmaly we ony gowurmaly. Soňra dogralan sogany gowrulan etiň üstüne atmaly we ol ýumşap başlanyndan soň badamjany hem-de bolgar burçy gazana atmaly hem-de ählisini 5 minut gowurmaly.

Gowrulan gök önümleriň üstüne pomidor, sarymsak dogramaly we duz, gyzyl burç sepmeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, içine atylan önümler ýumşaýança (20 minut çemesi) bişirmeli.

Batyrma taýýarlanylanda oňa ýumurtga we gowurdak hem atylýar.

Işdäňiz açyk bolsun!

Şirin Allanazarowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Garpyz peýdaly bakja ekini

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri