SPORT

Er-Riýaddaky boks tutluşygy: Beterbiýew absolýut çempion boldy

Düýn gije Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ýylyň boks tutluşygy boldy. Onda häzire çenli ýeňilmedik 2 rus boksçysy duşuşyp, ýeňil agyr agramda dünýäniň çempionlygy ugrunda göreşdiler.

12 döwden ybarat bolan tutluşykda Artur Beterbiýew garşydaşy Dmitriý Biwoly ýeňip, boksa boýunça dünýäniň absolýut çempiony boldy.

Eri-Riýaddaky “Kingdom Arena” sport toplumynda geçirilen tutluşykda Biwoly ýeňen Beterbiýew ýeňil agyr agramda dünýä çempiony bolan ilkinji rus türgeni boldy.

Tutluşygyň ykbalyny emin agzalary çözdi. Olaryň çykaran gutarnykly netijeli şeýle boldy. Artur Beterbiýew 2 eminiň beren oňyn çözgüdi bilen 114-114, 115-113, 116-112 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Dagystan Respublikasynyň Baştutany Sergeý Melikow türgeni bu gazanan üstünligi gutlady. Artur Beterbiýew şu wagta çenli 21 tutluşyk geçirdi we ählisinde ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler