Türkmenistan tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberiji iri ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek gerek.
Halkara forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş edip, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän ornuny aýratyn bellediler. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.
Çykyşlarda Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwasty zolaklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek, içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary goşulan bahaly dürli nebithimiýa, gazhimiýa önümlerini öndürmek üçin täze kärhanalary döretmek babatda teklipler we çözgütler beýan edildi. Netijede, pikir alyşmalara gatnaşanlar forumyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, şeýle çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu duşuşygyň energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.
Forumyň çäklerinde «Ählumumy energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny», «Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gaz önümçiliginiň mümkinçilikleri», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Energetiki geçiş üçin çig mal harytlar: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri», «Arassa energiýa ulgamyndaky we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny», «Türkmenistanyň gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny çaltlaşdyrmak» atly mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi.
Daşky gurşawa ýetirýän oňaýsyz täsiriniň pes bolmagy, önümçiligiň we eksportyň innowasion mümkinçilikleriniň artmagy tebigy gazy dünýä bazarynyň geljegi uly harytlarynyň birine öwürýär. Nebitgaz serişdeleriniň uly gorlaryna we kuwwatly eksport mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sebit hem-de bütindünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, täzeçil iş usullarynyň ornaşdyrylmagy, maýa goýumlaryň çekilmegi täze mümkinçiliklere giň ýol açýar.
Leýli Mirsadykowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.