Ertir – ýagny 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sebit ýurtlarynyň arasyndaky köptarplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Gazak metbugatyndaky habara görä, sammitde “Merkezi Aziýa-2040” atly sebit korporasiýasyny ösdürmek strategiýasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminama Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin işlenip düzüldi.
Sammitde sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag-logistika infrastrukturalary ösdürmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu görnüşdäki duşuşygyň ilkinjisi ýene-de Gazagystanda geçirilipdi. Şondan soňra her ýyl bu görnüşdäki duşuşygy ýokary derejede guramak babatda ylalaşyldy.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýan taraplar köpeldi. Hususan-da, köp sanly döwletler bilen «С5+1» görnüşinde hyzmatdaşlyk dialogy döredildi. Olaryň hatarynda ABŞ, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan ýaly döwletler hem-de Ýewropa Bileleşigi guramasyny agzamak bolar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diňe bir syýasy däl, eýsem söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, suw-energetika we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Soňky 10 ýylyň dowamynda sebitiň özara söwdasynyň möçberi 2,5 esse artyp, 11 milliard dollara deň boldy.
Umuman aýdanyňda, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin esasy faktorlara öwrülýär.
Soňky döwürde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem köpelýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygyna myhman hökmünde gatnaşdy. Bu gezekki 6-njy sammite hem gatnaşmagyna garaşylýar.