ATAWATAN ESERLERİ

Elektron kitaphanalar – bilim ulgamynyň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji we düýpli ylma esaslanýan paýhasly başlangyçlary netijesinde sanly ulgam jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz güýçli döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigini şoňa görä-de Türkmenistanyň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigini ýygy-ýygydan belleýär. Şundan görnüşi ýaly, döwrebap tehniki açyşlardan we tehnologiýalardan peýdalanyp bilmek,  ylmyň  täze gazananlaryny özleşdirmek hem-de ony işiňe ornaşdyrmak ösüşiň, üstünlikleriň esasy talabydyr. Sanly bilim häzirki döwürde ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynda täzeçil usullaryň, döwlet ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda elektron maglumatlardan giňişleýin peýdalanmak, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň  esasy wezipesidir. Milli Liderimiziň Diýarymyzda tehniki, tehnologik we takyk ylymlary ösdürmek baradaky 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda kabul eden döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda zehinli ýaşlary iň täze tehnologiýalara  çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige uklyply, önümçilik hem-de ylmy taýdan netijeli iş alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek boýunça dürli çäreleriň amala aşyrylmagy üstünlikli dowam edýär. Çünki, häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ählitaraplaýyn ösüşi, ozaly bilen, bilimiň we ylmyň derejesi, jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini başarnykly ulanmagy bilen kesgitlenilýär.

Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň baş şerti bolup durýar. Bu işlerde  milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de sanlaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Şonuň üçin intellektual ulgamlar we täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny gündelik işimize çuňňur ornaşdyrmak bilen baglylykda gazanylýan netijeler aýratyn möhümdir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler jogapkärli we hemmetaraplaýyn   alnyp barylýar.

           Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň hil taýdan täze sepgitlere ýetmegine badalga boldy. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Elektron resminama hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Kanunlar  we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe informasion tehnologiýalaryň hem-de maglumat beriji serişdeleriň gün-günden ösmegi, adamzadyň öňünde duran möhüm wezipäniň – maglumatlary goramak we ony täze nesiller ýetirmek meselesiniň çözgüdine öwrüldi. 2020-nji ýylyň ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrlyşynyň dokuzynjy maslahatynda beýleki täze kanunlaryň, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň hatarynda “Elektron resminama, elektron dolanyşygy we sanly  hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy makullanyldy. Bu resminama dolanyşygy maglumat tehnologiýalaryny we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny peýdalanmak bilen, elektron resminamalary, kitaplary taýýarlamak, ibermek, almak, saklamak, peýdalanmak, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak ýaly işlerini awtomatlaşdyrylmak mümkinçiliklerini giňeldýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar yzygiderli döredilýär we baýlaşdyrylýar.  Elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we döwrebap ösüşleri üpjün edýär. Innowasion tehnologiýalar täze pudaklaryň döremegini, ösmegini çaltlandyrmak  bilen bir hatarda gündelik durmuşda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ylmyň esasy daýanjy bolan kitaphana işini  döwrebaplaşdyrmak ýaşlary okatmagyň, ylma çekmegiň netijeliligini artdyrýar. Bu kitaphanalarda iň täze tehnologiýalary netijeli  peýdalanmak  elektron kitaphanalary baýlaşdyrmak hem-de her bir okyja elýeterliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda elekrton kitaphanalaryň okyjylarynyň  sanynyň köpelmegi kitaphanalaryň barha baýlaşdyrylmagyny, yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Türkmenistanyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem  bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly islendik okyja elýeterliliginiň üpjin edilmegi elektron kitaphanalaryň ähmiýetini artdyrýar. Elektron kitaphanalaryň Internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, halkara kitap alyş-çalyşygynyň işjeňleşmegi, walýuta hasaplaşygy bilen ýazylmak arkaly dünýä döwletlerinden ylmyň dürli pudaklaryna degişli kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň ýurdumyzyň kitaphanalarynda alnyp barylmagy bu ugurdaky  işleriň netijeleliligini has-da artdyrýar.

Tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň barha giňelýän döwründe elektron kitaphanalar maglumat saklamagyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Şeýle hem ol maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriji ulgamy bolup, maglumatlaryň elýeter üpjünçiligini döretmäge,  giňeltmäge niýetlenilendir. Bu ulgam maglumat gözleglerini gysga wagtda amala aşyrmaga, Internet  ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana öz habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Habarlara we habar beriş gulluklarynyň ulgamlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik döredýär. Elektron kitaphanalar köpsanly resminamalary yzygiderli, saýlamaga ýa-da parallel görüp çykmaga; köpsanly maglumatlaryň içinden köpugurly gözlegi amala aşyrmaga, maglumatlary has uly göwrümi bilen işlemekligiň täze we giň mümkinçiliklerini döredýär.

Elektron kitaphanalar kitaphana işinde gabat gelýän: neşirleriň az mukdarda çap edilenligi, maglumatlary saklar ýaly meýdanyň ýetmezçiligi, kitaplaryň aýawly saklanylmagy ýaly meseleleriň hem çözgüdini ýeňilleşdirýär. Bulardan başga-da ýiten, zaýalanan kitaplary, resminamalary täzeden dikeltmek mümkinçiliklerini  döredýär.   Bu bolsa elektron kitaphanalardan kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň  elýeterligini üpjin edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kitaphansynda hem elektron neşirleriň sany gün-günden köpelýär. Ýokary okuw mekdebimiziň  mugallymlarydyr talyplary institutymyzyň we paýtagtymyzdaky beýleki kitaphanalaryň baý edebi gorundan giňişleýin peýdalanýarlar. Kitaphanalardaky elektron kitaplary  özleriniň ýan kompýuterlerine, elektron maglumat göterijilere ýükläp alyp, islendik pursatda olardan peýdalanýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap gurnalmagy we ösdürilmegi netijesinde  halkymyzyň hususan-da ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçiliikleri barha ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly bellenilýän ýyly bolan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda has-da  ýokary netijelere beslenýär.

                                                                             

   Mährijemal YSLAMOWA

                             Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy

Ozup geç we baýrak al!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri